2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «GEO Traveller» halkara žurnalynyň ýörite neşiri çap çykdy.

Žurnalyň birinji sahypalary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli dabaraly çärede sözlän sözi bilen başlanýar.

Şeýle-de žurnalda, şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň  ýola goýmagyna 25 ýyl dolýandygy mynasybetli hem-de türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda okgunly ösüşi barada giňişleýin makala ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtda «GEO Traveller» žurnalynda, Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça milli we halkara derejesinde alnyp barylýan işler, ýangyç energetikasyny ygtybarly peýdalanmak boýunça soraglar şeýle-hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ugry barada aýtmak bilen,  şol bir wagtda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi mynasybetli 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak energiýa howpsuzlygy, ygtybarlylygy hem-de üstaşyr energiýa geçirijileriniň deňhukuklylyga we adalatlylyga esaslanmagy ýaly meselelere aýratyn makala bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sport syýasaty esasynda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli şeýle-hem ägirt uly halkara sport çäresi bolan 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada aýtmak bilen, bu oýunlaryň Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigi, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirjekdigi, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň artmagyna oňyn täsiri , şeýle-hem sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmekde uly orny eýelejekdigi barada žurnalda ýörite makala ýerleşdirilipdir.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!