07.04.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.

Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtats “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresinde bu hormatly sylagy gowşuryp,
ýygnananlaryň adyndan hem-de hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babata döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagy Türkmenistanyň sport we bedenterbiýäni ösdürmekde hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň halkara sport hereketinde eýeleýän işjeň ornunyň, onuň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işinde sportuň ornuny ýokarlandyrmak ýörelgesine berk ygrarlylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!