27.03.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, ABŞ-dan gelen täjirler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekizreňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi we portland sementi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Polşa, Owganystan.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 680 müň manatlyk bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 405 müň manatlyk nebit bitumyny (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!