27.02.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 95-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Täjigstandan we beýleki ýurtlardan telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Estoniýanyň işewürleri bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, azyklyk bugdaý, pagta linti hem-de pagta galyndylary, nah matalar we ýüplük, pagşta süýümi ýerlenildi.
Satyn alany ýurtlar: Russiýa, Hytaý, BAE, Niderlandlar, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Gruziýa, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 60 million 772 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň, BAE-niň, Niderlandlaryň, Türkiýäniň we Pakistanyň telekeçleri umumy bahasy 3 million 426 müň mantlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 3 million 465 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!