22.05.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «TOСHU Сorporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Koboýaşini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatorynyň we ýurduň Premýer-ministriniň mähirli sözlerini ýetirdi. Şunda ýapon işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli hem-de işjeň syýasatynyň we özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň aýdyň netijesidir.
Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de ýurdumyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny belledi. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda ýyl-ýyldan berkidilýär we halkara giňişliginde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurt birek-birege özara goldaw berýär.

21.05.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.
Myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Baş sekretarynyň hem-de Slowakiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň möhüm we jogapkär hyzmatdaş hasaplanylýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-de hem-de umuman, Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Lideriniň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly, abraýly halkara düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini kanagatlanmak bilen nygtady. Bu gurama bilen gatnaşyklar soňky ýyllarda täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň şanly senä — ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir.

20.05.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkymyza eden hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýlelikde, wengriýaly hyzmatdaşlaryň döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Wengriýanyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

18.05.2019. Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bütewiligini aňladýan şanly senelerdir.
Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy.
Säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän belent başly Konstitusiýa Binasynyň ýany köp adamly boldy. Bu ýerden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ösüşini, ýurdumyzyň, türkmen halkynyň we milli Liderimiziň beýik halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren beýik sepgitleri özünde jemleýän Aşgabadyň ajaýyp keşbi görünýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň täze taryhynyň esasy gazananlarynyň biri bolmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň binýatlyk ugurlaryny, şeýle hem her bir raýat üçin wajyp bolan parahatçylyk, döredijilik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.
Säher şemalyna pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, baharyň ajaýyp gül çemenleri we adamlaryň şatlygy belent baýramçylyga bolan buýsanç bilen goşulyp, ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş halkynyň ýüreklerinde watançylyk duýgusyny we ruhubelentligi emele getirýär.

18.05.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem Rumyniýadan we Türkiýe Respublikasyndan gelen işewür toparyň wekilleri karbamidi («Türkmenhimiýa» DK we «Türkmensenagat eksport-import» APJ) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah mata we ýüplük, mebel pamygy ýerlenildi. Satyn alanlar Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Owganystandan gelen telekeçilerdir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 184 million 714 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 15 million 947 müň manatlykdan gowrak bolan nah matany we ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 377 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!