Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň “Günorta departament” atly kärhanasynda birinji trening geçirildi. Ol biznes-meýilnama düzmäge bagyşlandy.

Bu çärä çagyrylan tälimçi-mugallym Azamat Kaliýew geljekde üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjek ideýalar we başlangyçlar esasynda biznes –meýilnama düzmegiň usullary, tapgyrlary we gurallary bilen tanyşdyrdy.

Trening Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň “Günorta departament” kärhanasynyň “Start-Ap” atly taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

Russiýanyň Söwda-senagat palatasy Türkiýäniň söwda palatalar we birža soýuzynyň başlygy Rifat Hisarjiklyoglu bilen bilen gepleşikler geçirmegi meýilleşdirýär, diýip, Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko “RIA Nowosti” habarlar agentligine habar berdi.

Häzirki wagta çenli Russiýanyň Söwda-senagat palatasy türkiýeli hyzmatdaşlary bilen 20 töweregi ylalaşyga gol çekişipdir.

Sebitara gatnaşyklaryň ösüşi bilen Rus-türk işewür geňeşi meşgullanýar.

2016-njy ýylda rus-türk söwda dolanyşygy 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 32 % göterim pese düşüp, 16 milliard dollar bolupdyr. Eksportuň möçberi 14 millard dollara deň bolup, 29 % pese düşüpdir. Importyň aşaklamgy 47 % bolup, onuň umumy möçberi 2 milliard dollar bolupdyr.

Taýýarlan Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Wladimir Ulahowiç Ptak Warsaw Expo (Warşawa, Polşa Repsublikasy) sergi-kongres merkeziniň wise-prezidenti Kazimežem Swikl bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda sergiler we ýarmarkalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hem-de Ptak Warsaw Expo-nyň sergi taslamalaryna Belarysyň kärhanalarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de, şol merkeziň meýdançasyny iki ýurduň biznesmenleriniň gatnaşmagynda belarusly önüm öndürijileriň sergilerini, maslahatlary, forumlary we beýleki çäreleri guramak üçin peýdalanmak barada gürrüň edildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orzberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!