Belarusyň söwda-senagat palatasynda «Halal» sertifikatyny almagyň aýratynlyklary boýunça seminar geçirildi.
Çärä Belarusyň söwda-senagat palatasynyň başlygy Wladimir Ulahowiç, Birleşen Arap Emirlikleriniň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Roman Golowçenko, BAE-niň Standartlaşdyrma we metrologiýa agentliginiň baş direktory Abdalla al-Maini, Belarus Respublikasyndaky musulman dini birleşiginiň başlygynyň orunbasary, «BelHalal» JÇJ-niň (Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň) direktory Rustam Hasenewiç, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk senagaty ministrliginiň wekilleri, belarus kärhanalarynyň 40-synyň bilermenleri gatnaşdylar.
Seminar Belarusyň söwda-senagat palatasynyň «eksportyň mekdebi» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy. Gatnaşyjylara «Halal» sertifikatyny almagyň aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada tejribe häsiýetli maglumatlar berildi. Şeýle-de, yslamyň kanuny laýyk gelýän önümlere bolan mümkinçilikleri tassyklaýan soraglar hakynda pikir alşyldy.

Belarusyň «www.cci.by» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat palatalary hakyndaky» Kanunyň täze redaksiýasyna gol çekdi.
Bu Kanun kanunçykaryjy palata tarapyndan 12-nji iýunda kabul edildi. 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda bolsa Senat tarapyndan makullanyldy.
Kiçi biznesiň subýektleri we hususy telekeçiler üçin üçin Palatanyň agzasy bolmak meýletin esasda alnyp barylýar. Telekeçiligiň beýleki subýektleri üçin agzalyk hökmanydyr.
Kanun resmi taýdan çap edileninden 3 aý soňra güýje girýär.

Özbegistanyň «www.uzreport.news» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko bilen Limanyň (Peru döwletiniň paýtagty) söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas 1980-nji ýylda gol çekilen şertnamany işjeňleşdirmek baradaky ylalaşyga geldiler.
Soňky birnäçe ýylda Russiýa bilen Perunyň arasyndaky gatnaşyklar işjeňligi bilen tapawutlanmady. Russiýanyň gümrük boýunça statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda haryt dolanyşygy 2 esse pese düşüpdir. 2017-nji ýylda položitel görkezijileri gazanmak başardypdyr. Bu ýagdaý 2018-nji ýylda hem dowam edip, birinji ýarym ýylda ýokary netijeler gazanyldy. Bu barada Wladimir Padalko Peru döwletiniň Russiýadaky ilçisi Benhamin Çimoý we Limanyň söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas bilen bolan duşuşykda belläp geçdi.
Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti krizisden ozalky döwürdäki ýokary görkezijileri diňe bir dikeltmäge däl, eýsem olary has ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik bardygyny aýtdy.
Hose Rosas Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekiliniň pikirini goldap, Peru döwletiniň ykdysadyýetiniň Russiýanyň farmasewtika we medisina önümlerine, informasion tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de, dag-magdan we gurluşyk pudaklarynda bilelikdäki inwestisiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny ýadýarlar.

Russiýanyň «www. vch.ru» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan
Miwe NABATOWA, žurnalist.

GAWANA. Paýtagt şäher Gawananyň «Nacional» myhmanhanasynda guralan Kuba-Hytaý biznes-forumynyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Bu barada Kuba Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy habar berýär.
Hytaý wekiliýetine Çžeszýan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň biri U Guýin baştutanlyk edip, onuň düzümine kompaniýalaryň 30-a golaýy girdi. Olar azyk senagaty, gurluşyk, dokma, durmuş hyzmatlary we beýleki ulgamlara wekilçilik etdiler.
Forumyň ahyrynda Çžeszýan welaýatynyň halkara söwdasyna ýardam etmek Geňeşi bilen Kuba Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Geljekde bu iki guramanyň arasyndaky gatnaşyklary has giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Bu çäre iki döwletiň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden we özara düşünişmegi ýola goýmakdan ugur alýar.

«Пренса Латина» habarlar agentliginiň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

27.02.2018. Azerbaýjanyň Çehiýadaky ilçihanasy we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasy (Çehiýadaky) hyzmatdaşlyk boýunça memoranduma gol çekdiler diýlip, ilçihananyň habarynda aýdylýar. Memorandum Azerbaýjan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşygynyň ösmegine, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky gatnaşygyň giňeldilmegine, şeýle hem Çehiýada Azebaýjanyň wagyz edilmegine ýardam eder.
Habarda Çehiýada ilçihananyň we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigi bellenilýär. Hyzmatdaşlygyň netijesinde Çehiýadaky Azerbaýjanyň ilçihanasynda Genje awtomobil zawody bilen Çehiýanyň «Tatra» kompaniýasynyň arasynda ady agzalan kompaniýanyň ýük awtoulaglarynyň önümçiligi hakynda memoranduma gol çekildi.
Şeýle hem üstümizdäki ýylda Çehiýadaky Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň we ilçihananyň dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirilýär.

Materiýaly www.trend.az saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!