Moskwada ikinji gezek iri megapolisleriň 6-synyň (S6) söwda-senagat palatalarynyň duşuşygy geçirildi.

Moskwanyň hökümetiniň ykdysady syýasaty we ýer-emläk meseleleri boýunça Moskwanyň Meriniň orunbasary Natalýa Sergunina dünýäniň iri megapolisleriniň, ýagny Berliniň, Londonyň, Parižiň, Pekiniň we San-Paulunyň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Meriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, şäherleriň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Moskwanyň islendik maýa goýumlar üçin açyklygy munuň subutnamasydyr. Ol paýtagtyň Russiýa boýunça maýadarlar üçin kommerçeskiý däl töwekgelçilikleriň kepillendirmeleri hakynda kabul edilen kanunyň ýeke-täk ýeridigini ýatlatdy.

Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Moskwanyň 6 sany megapolis bilen bilelikde Türkiýä jemi eksport eden harytlarynyň bahasy 24,4 milliard dollara ýetdi. Munuň özi Moskwanyň umumy eksportynyň 34,3 göterimini düzýär.

Işewürlik maslahatynyň birinji duşuşygy 2017-nji ýylda geçirilipdi. Şol wagt onuň düzümine bäş sany şäher girýärdi. San-Pauly 2012-nji ýylda goşuldy.

Üstümizdäki ýyl bolsa, Stambulyň söwda-senagat palatasy bu altylyga synçy hökmünde goşuldy. Moskwadaky bu gezekki duşuşyga bu edaradan hem ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Işewürlik maslahatynyň geçen gezekki mejlisi 2016-njy ýylyň iýunynda Parižde guraldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-21-i aralygynda Sidneýde (Awstraliýa birleşigi) geçirilen Söwda palatalarynyň Bütindünýä federasiýasynyň Х kongresinde Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy W. Ulahowiç bilen Halkara Söwda palatasynyň prezidenti P. Mihokyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda bu halkara gurama bilen Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň geljegine, şeýle hem Belarusda Halkara söwda palatasynyň Milli komitetini döretmek mümkinçiligine seredildi.

Halkara söwda palatasy, bu garaşsyz kommersiýa däl halkara guramasydyr. Bu gurama 1919-njy ýylda söwda we maýa goýum ýoly bilen işewürlige kömek etmek, haryt we hyzmatlar bazaryny açmak we beýleki şunuň ýaly maksatlar üçin döredilendir.

Dünýäniň 201 ýurdy ugurdaş guramalar hökmünde Halkara söwda palatasynyň agzalary hasaplanýar.

Belarusyň Söwda palatasy 1998-nji ýylda Halkara söwda palatasynyň agzasy boldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

28.08.2017. Astrahanda Hazarýaka döwletleriniň söwda-senagat palatalarynyň işjeň maslahatynyň üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Astrahanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Wiktor Winokurow şäheriň gubernatoryna iş bilen bagly duşuşygynda habar berdi. Aleksandr Žilkin şeýle maksatlar üçin astrahan meýdançalaryny işjeň ulanmaga çagyrdy. Şeýle hem: «Bizde munuň üçin gowy delil bar, ýagny Eýranyň işjeň wekilhanasy açylýar, Azerbaýjanyň biznes-merkeziniň döredilmeginiň ahyrky döwri dowam edýär diýip, gubernator belledi.
Mundan başga-da Wiktor Winokurow Astrahanyň Söwda-senagat palatasynyň işiniň bir ýyl boýunça jemleri hakda durup geçdi. Oňa 28 sany kärhana agzalyga kabul edilipdir. Şu günki günde bu palatanyň düzüminde 263 sany kärhana hasaba alnypdyr. Kiçi we orta telekeçiligi goldamaga aýratyn üns berilýär. «Söwda-senagat palatasy işewürlik üçin peýdaly serişde bolup hyzmat edýär, ol telekeçilere söwda we hyzmat ulgamynda täze hyzmatdaşlary tapmaga ýardam edýär» diýip, sebitiň ýolbaşçysy belledi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

86-njy Izmir sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde onuň öňüsyrasynda Tatarystanyň Söwda-senagat palatasy bilen Izmir welaýatynyň arasynda özara gatnaşyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Bu ylalaşyga Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Şamil Ageýew bilen Izmir welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Ekram Demirtaş gol çekdiler.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Tatarystanyň delegasiýasynyň wekilleri Egeý sebitiniň harytlaryny eksport edijiler birleşigi bilen gepleşikler geçirdiler. Ýarmarkanyň çäklerinde «KAMAZ» jemgyýeti bilen Tirsan Kardan türk kompaniýasynyň Russiýanyň çäklerinde herekete getiriji çarhlary öndürýän kärhanany gurmak hakyndaky resminama gol çekildi.
Bu resminama «KAMAZ» jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin bilen «Tirýakiler» kompaniýasynyň direktorlar sowetiniň başlygy Mehmet Tirýaki gol çekdiler.
Senagat we sarp edilýän harytlaryň «Izmir International Fair 2017» atly 86-njy Izmir halkara söwda sergi-ýarmarkasy 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 18-i 22-si aralygynda Türkiýede geçirildi. Serginiň esasy temasy «Innowasiýa we energetika» diýlip, bellenildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbede «Алмас» (Almaz) ady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň senagat sergisi dowam edýär. Bu barada “Иран.ру” saýty habar berýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Eýranyň Duşanbedäki ilçihanasyndan wekiller we beýleki gyzyklanýan adamlar gatnaşdy.

Bu halkara senagat sergisine Eýranyň 20-den gowrak kompaniýasy gatnaşyp, özleriniň gurluşyk, haly, aýakgap we beýleki önümlerini önümlerini giň köpçülige hödürlediler. Sergi tutuş ýylyň dowamynda öz işini dowam eder.

Sergä gatnaşyjylaryň bellemegine görä, Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-senagat gatnaşygyny berkitmekde bu serginiň uly ähmiýeti bardyr.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!