Moskwanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasyna çagyrylyp, ol ýerde Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky 2017-nji ýyldaky möhüm wakalar bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň diplomatik missiýasynyň baştutany Batyr Nyýazlyýew myhmanlara şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda gürrüň berdi.

Habar beriş serişdeleriniň wekillerine Ýewropa döwletleriniň we halkara guramalarynyň birnäçesinden synçylar çagyrylandygy habar berildi.

Şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekillerine üstümizdäki ýylda Aşgabatda guraljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we myhman mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, jenap Urban Rusnak ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmleri öz içine alýan möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren ýurdumyzyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwleti durnukly ösdürmegiň, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur almak bilen, dünýäniň esasy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan soňky on ýylyň dowamynda maksada okgunly daşary syýasy işini alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolmak bilen, ony dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga çalyşýandygyny hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini aýtdy. Hususan-da, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Sport baradaky döwlet komitetinde Sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda bu guramanyň täze ýolbaşçylyk düzümi saýlandy.

Jora Hudaýberdiýew Merkeziň başlygy boldy. Häzirki wagtda Içeri işler ministrliginiň sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň müdiri bolup işleýän J.Hudaýberdiýewiň bu ulgamda uly iş tejribesi bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu sport toplumynyň mundan iki ýyl ozal açylandygyny belleýäris. Ondan bäri bu desgada hokkeý boýunça ençeme ýaryşlar geçirildi. Şeýle ýaryşlaryň biri bolan IIM-niň kubogy ugrundaky ýaryş golaýda tamamlandy.

Ýaryşa jemi ýedi topar gatnaşdy. Olar iki topara bölündiler. Ýaryşyň aýgytly duşuşygynda «Galkan» bilen «Şir» toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bu duşuşykda «Galkan» ýeňiş gazandy hem-de ýaryşyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň düzüminde garşydaşlarynyň derwezesine bäş top geçiren Eziz Akmuhammedow tapawutlandy. Bu hokkeýçi ýaryşyň hem iň güýçli hüjümçisi diýlip yglan edildi.

Belarusyň Söwda-senagat palatasynda (BSSP) duşuşyk geçirildi. Oňa BSSP-niň başlygy W.Ulahowiç bilen Latwiýanyň ilçihansynyň ýanyndaky Latwiýanyň Belarusdaky daşary ykdysady wekilhanasynyň ýolbaşçysy G.Woýewoda gatnaşdy.

Taraplar Belarusyň Söwda-senagat palatasy bilen Latwiýanyň Belarusdaky daşary ykdysady wekilhanasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkin bolan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de 2017-nji ýylyň dowamynda göz öňünde tutulýan iki döwletiň işewür toparlarynyň gatnaşmagyndaky çäreler, şol sanda noýabrda «Taste Latvia – Адчуй Латвiю» ady bilen Minsk şäherinde guraljak Riganyň günleri barada maslahatlaşyldy.

Taýýarlan Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Baku. Azerbaýjanyň işewürleriniň mili guramasynyň konfederasiýasy (ASK) bilen Eýranyň söwda palatasy senagat, magdan we oba hojalygy pudaklarynda özara düşünişmek baradaky Ylalaşyga gol çekişdi.

Gol çekmek dabarasy Baku şäherinde gurlan azerbaýjan-eýran işewürler maslahatynyň çäklerinde bolup geçdi.

Işewürler maslahatynda Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew çykyş edip, Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejededigini belläp geçdi.

Döwlet gümrük komitetiniň maglumatyna görä, 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 174,97 million manat bolup, şonuň 130,13 million manady Eýranyň önümleriniň Azerbaýjana importynyň paýyna düşýär.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!