«Gündogar Ukrainada Nemes-ukrain ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly maslahata ukrain we nemes işewürleri şeýle hem hökümet agzalary gatnaşdylar.

«Geçen ýylyň oktýabrynda döredilen Nemes-ukrain söwda we senagat palatasynyň işjeň we netijeli işi iki ýurduň ykdysady aragatnaşygynyň berkemegine şaýatlyk edýär» diýip Harkow oblast döwlet administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mark Bekker belledi.

Öz gezeginde Nemes-ukrain söwda we senagat palatasynyň prezidenti Andreas Lir: «Harkow sebiti iki tarapyň aragatnaşygynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýär» diýip, nygtady.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

Üstümizdäki ýylyň 8-nji iýunynda Bakuda geçiriljek «Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi» biznes forumy bäş sany esasy tema gönükdiriler diýip, bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýän nemes-azerbaýjan söwda palatasy habar berýär.
Bular Azerbaýjanda ykdysady özgertmeler, oba hojalyk we iýmit önümleri, daş-töweregiň tehnologiýasy, transport we logistika, habar beriş we aragatnaşyk tehnologiýasy hem-de elektron söwda ýaly temalardyr.
Guramaçynyň habar bermegine görä bu biznes foruma 400 töweregi adam gatnaşar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Ukrainada palatalaryň Halkara birleşigi we biznes-assosiasiýalar esaslandyryldy. Memeranduma gol çekilmegi we onuň döredilmegi mynasybetli dabaraly çäre Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynda geçirildi.

Halkara söwda palatasy we daşary ýurt biznesiniň assosiasiýasy bilelikde daşary ýurt we ýerli inwestorlaryň biznes-gyzyklanmalaryny bilelikde gorar, şeýle hem hökümet bilen biznes-gepleşikleri işjeňleşdirmek we onuň derejesini çuňlaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk eder.

Munuň özi milli biznese wekilçilik edýän Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň 8000 agzalaryndan we Ukrainada işleýän müňe golaý daşary ýurt inwestorlaryndan ybarat bolan 9000 kompaniýany özüne birleşdirýär.

Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Ukrainada işleýän diplomatik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

Moldowadaky “AmCham Moldova” amerikan Söwda palatasy täze direktorlar geňeşini we olaryň ýolbaşçylaryny saýlady.

“AmCham Moldova” kompanyýasynyň direktory edilip “Grawe Carat Asigurări” ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň baş direktory Weronika Malkoç saýlanyldy.

Ýygnaga gatnaşan 110 agza we myhmanlar guramanyň 2016-njy ýylda ýerine ýetiren işleri boýunça hasabaty diňlediler. Geçen ýyl “AmCham Moldova”-nyň başlangyjy boýunça Kişinýowda Halkara söwda arbitraž kazyýeti döredildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

Tatarystanyň wekilçilikli toparynyň Eýrana saparynyň dowamynda Horasan-Rezawi welaýatynyň Söwda palatasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Resminamalara Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň dolandyryş edarasynyň başlygy Artur Nikolaýew bilen Eýranyň welaýatynyň Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Hüseýin Mahmudi Horasany gol çekdiler.

Mundan öň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Meşhediň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek hakynda teklibi öňe sürüpdi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!