Gyrgyzlaryň ak balynyň Ýaponiýanyň söwda nokatlarynda peýda bolandygy barada Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda habar berildi.
“Gyrgyzlaryň ak baly Ýaponiýanyň “Seijo Ishii” we “Qieen’s Isetan” ady bilen belli bolan söwda nokatlarynda satuwa çykaryldy. Bu önümi Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň agzasy bolan “Дары Тянь-Шаня” kompaniýasy Ýaponiýa ugradýar” diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda habar berilýär.
Bu kompaniýanyň iki ýyl mundan ozal Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň ýardam etmeginde “Foodex Japan” atly halkara sergisine gatnaşandygyny ýatlatmak gerek.
Şol halkara sergisinde Günüň dogýan ýurduna ak baly eksport etmek boýunça şertnama baglaşylypdyr.
“Seijo Ishii” we “Qieen’s Isetan” söwda nokatlarynyň müşderileriniň girdejisiniň esasan orta we ýokary bolan adamlardygyny bellemek gerek.

Materialy "www.kyrtag.kg " saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist

Týumeniň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Eduard Abdullin sebitiň ykdysadyýetiniň ösüşini «Ykdysady gudrat» diýip atlandyrdy.
Onuň aýtmagyna görä, 2017-nji ýylyň jemleri boýunça oblastyň senagat önümçiligi 1,5-2 göterime deň boldy.
Şeýle hem ýolbaşçy geçen ýylda 25 ýyllyk baýramy bellenilen edaranyň üstünlikleri we täze taslamalar barada durup geçdi.
Gurama 25 ýyllyk baýramy mynasybetli özüniň firma stilini we şygaryny täzeledi. Indi bu şygar: «Biz mümkinçiliklerimizi giňeldýäris» diýip ýaňlanýar. Şeýle hem gyzyklanýan taraplaryň peýdalanmagy üçin bu Söwda-senagat edarasynyň ykjam gollanmasy çykaryldy.

Materialy «www.park72.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Ufa 2018-nji ýylda 4-nji gezek ŞHG-nyň (Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy) we BRIKS-iň (BRICS —Brazil, Russia, India, China, South Africa) agza döwletleriniň kiçi telekeçiliginiň forumyny kabul eder. Bu barada Başkortostan Respublikasynyň baştutany Rustem Hamitow “РИА Новости” agentligine habar berdi.

Bu forum gürrüň edilýän sebitleriň kiçi we orta telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Forumda köpsanly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar: gümrük kanunçylygy, bilelikdäki önümçilik, tehnologiýa alyş-çalyşy we başgalar.

Ufa şäheri kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynyň täze formalarynyň döredilýän ýerine öwrülýär.

2018-nji ýylda nobatdaky forum geçiriler. Onuň tematikasy dürli ugurlary öz içine alar. Nebithimiýa we maşyngurluşyk, ýeňil senagat, söwda hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Materialy “www.vesti.ru” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Daşkentde özbek we türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Özbek-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat palatasy habar berdi.
Çäräniň maksady özbek we türk kompaniýalarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösdürmekden we bilelikdäki kärhanalary döretmekden, täze inwestisiýa taslamalary durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň we iki döwletiň işewürleriniň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistanda türk kompaniýalarynyň we firmalarynyň 500-si hereket edýär. Diňe 2017-nji ýylda Özbegistanda türk inwestisiýasynyň gatnaşmagynda 20-den gowrak kärhana döredildi. Ýene-de 53 kompaniýanyň wekilhanasy işe girizildi.

Materialy “www.uzdaily.uz” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Grek-rus Söwda palatasy 2017-2018-nji ýyllaryň Russiýada we Gresiýada syýahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «The Russian MICE market: New opportunities» diýen mowzukda seminar geçirdi. Bu çäre “Electra Metropolis” myhmanhanasynda guraldy.
Bu başlangyjy Gresiýanyň syýahatçylyk edaralary bolan otelçileriň assosiasiýasy, HAPCO guramasy, “Athens Convention & Visitors Bureau” kompaniýasy we beýlekiler goldaldylar. Sebäbi seminaryň dowamynda Gresiýanyň myhmanhanalary we olaryň mümkinçilikleri mahabatlandyryldywe wagyz edildi. Şol bir wagtyň özünde hem bu ýagdaý Afiny şäheriniň dürli çäreleri geçirmek üçin amatly ýerdigini subut edýär.
Russiýanyň we Gazagystanyň bazarlarynda öňdäki orunlary eýeleýän “Meets”, “Incentives”, “Conferences & Exhibitions” (MICE) kompaniýalarynyň 12 adamdan ybarat bolan wekillerinden düzülen topar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we grek kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Materialy “www.grekomania.ru” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!