28.10.2017. Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň milli söwda palatalarynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
Duşuşygyň formatyna laýyklykda, esasan GDA-nyň giňişliginde işewürleriň işini ilerletmäge ýardam etjek meseleler ara alnyp maslahatlaşylmaly. Emma pikir alyşmalaryň dowamynda meseleler Ýewraziýany hem öz içine aldy.
Milli edara-kärhanalar, şol sanda işewürlere ýakyndan ýardam edýän söwda-senagat palatasy özara ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Olar täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin ugurlary tapmaga, biznes alyp barmaga ýeňillik döretjek resminamalary taýýarlamaga ýardam edýärler.
Aýan Ýerenow, Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda palatasynyň prezidenti:
- Biz Ýewraziýa giňişliginiň çäklerinde işleýäris. Häzir bizde söwda barha ösýär. Ähli hasaplar we statistika häzirki wagtda 5 döwletiň arasynda alnyp barylýar. Durnukly ösüşler hasaba alynýar. Her ýylda ortaça 11-15 göterim ösüş gazanylýar. Bu ösüşler Ýewraziýa giňişliginde alyp barýan ylalaşyklarymyzyň netijesinde mümkin boldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

25.10.2017. Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder. Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar.

www.tdh.gov.tm

«Ýüpek ýoly» halkara söwda palatasyny esaslandyryjy we onuň başlygy Çžunhan Li halkara söwdasynyň häzirki düzgünleriniň ösüşi togtadýandygy sebäpli ony üýtgetmegiň möhümdigini aýdyp, Afinyda guralan forumda beýanat berdi.
Afinydaky işewür sammiti ÝB (Ýewropa Bileleşigi)-Ýewraziýa-Hytaý «Gündogardan günbatara köpri gurmak» ady bilen «The Economist» žurnaly gurady.
«Biz hemmämiz bileleşip Zeminde, deňizde, asmanda we kibergiňişlikde «Ýüpek ýoluny» gurup, onuň üsti bilen uly özara baglanyşygy döretjek körpileri bina etmeli. Antik döwürden bäri özara baglanyşyk hem-de hyzmatdaşlyk ykdysady we sosial taýdan ösmegiň esasy şerti bolupdyr» - diýip, Çžunhan Li belledi.
Şeýle-de, ol «Bir guşak – bir ýol» taslamasynyň HHR-iň Lideri tarapyndan hödürlenilip, onuň Hytaý bilen Ýewropany birikdirmelidigini ýatlatdy.
Soňra: «Biz eýýäm ilkinji netijeleri gazandyk» diýip, palatanyň başlygy nygtady.
Çžunhan Li «Ýüpek ýoly» halkara söwda palatasynyň «Ýüpek ýolunyň» ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň söwda palatalaryndan düzülendigini habar berdi.
«Biziň häzirki wagtda milli palatalaryň 90-syndan ybarat agzamyz we 75 döwletde habarçy-agzamyz bar. Olaryň garamagyndaky ýüzlerçe kärhanalar biz bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýmek bilen, ol «Bir guşak – bir ýol» taslamasyny umumy geljegimiziň taslamasyna öwürmäge çagyrdy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Dunguanede (Guandun) geçirilen XXI asyryň Deňiz Ýüpek ýolunyň Halkara sergisinde 56 ýurtdan 1600-den gowrak kärhana we dünýäniň sebitleri özleriniň ýokary hilli önümlerini görkezdiler.

Bu sergi indi dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýär. Guramaçylaryň habar bermegine görä, bu gezekki sergi öňkülere garanda has giň gerimli, ýagny ol 100 000 kw.m meýdany eýeleýär.

Geçen ýyl serginiň meýdany 70 000 kw.m deňdi. Bu gezekki çärä Eýranyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň we Mongoliýanyň kärhanalary täze goşuldylar.

Bulardan başga-da sergi 30-dan gowrak ýurtdan we dünýäniň sebitlerinden söwda assosiasiýalaryny, şol sanda Günorta Afrikany, Wýetnamy, Malaýziýany, milli daşary söwda palatalarynyň ençemesini özüne çekýär.

Serginiň bu gezekki mejlisi Dunguananyň Häzirkizaman halkara sergi merkezinde geçirildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
Žurnalist.

Moskwada ikinji gezek iri megapolisleriň 6-synyň (S6) söwda-senagat palatalarynyň duşuşygy geçirildi.

Moskwanyň hökümetiniň ykdysady syýasaty we ýer-emläk meseleleri boýunça Moskwanyň Meriniň orunbasary Natalýa Sergunina dünýäniň iri megapolisleriniň, ýagny Berliniň, Londonyň, Parižiň, Pekiniň we San-Paulunyň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Meriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, şäherleriň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Moskwanyň islendik maýa goýumlar üçin açyklygy munuň subutnamasydyr. Ol paýtagtyň Russiýa boýunça maýadarlar üçin kommerçeskiý däl töwekgelçilikleriň kepillendirmeleri hakynda kabul edilen kanunyň ýeke-täk ýeridigini ýatlatdy.

Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Moskwanyň 6 sany megapolis bilen bilelikde Türkiýä jemi eksport eden harytlarynyň bahasy 24,4 milliard dollara ýetdi. Munuň özi Moskwanyň umumy eksportynyň 34,3 göterimini düzýär.

Işewürlik maslahatynyň birinji duşuşygy 2017-nji ýylda geçirilipdi. Şol wagt onuň düzümine bäş sany şäher girýärdi. San-Pauly 2012-nji ýylda goşuldy.

Üstümizdäki ýyl bolsa, Stambulyň söwda-senagat palatasy bu altylyga synçy hökmünde goşuldy. Moskwadaky bu gezekki duşuşyga bu edaradan hem ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Işewürlik maslahatynyň geçen gezekki mejlisi 2016-njy ýylyň iýunynda Parižde guraldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!