19.12.2017. Serbiýanyň Söwda-senagat palatasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikler üçin baýraklaryň 41-si dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýraklar 3 topara bölündi: ýubileýler (11 baýrak), kompaniýalar (16), işewürler (13). Şeýle-de, Serbiýanyň O2 (ozalky ТВ B92) teleýaýlymyna Serbiýanyň Söwda-senagat palatasynyň işini wagyz edenligi üçin ýörite baýrak gowşuryldy.

Şol ýygnanyşykda Söwda palatasynyň 2018-nji ýyl üçin etmeli işleriniň meýilnamasy we maliýe meýilnamasy kabul edildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

4-nji dekabr, 2017. Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Wladimir Ulahowiç Merkezi Ýewropa Insiatiwasy (MÝI) tarapyndan guralan “Energiýa tygşytlaýan we ekologiýa zyýansyz tehnologiýalar” atly biznes-foruma gatnaşdy.
Minsk şäherinde geçirilen biznes-foruma MÝI guramasyna girýän işewürlik bileleşikleriniň, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we halkara maliýe institutlarynyň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy.
Foruma gatnaşyjylar energiýa tygşytlaýan we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagyň, olary ulanmagyň we bu ulgamyň işini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi sebitleriň sosial-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün eder.
Bu çäre standartizasiýa boýunça döwlet komiteti, Daşary işler ministrligi, Tebigy serişdeler we daşky gurşawy goramak ministrligi, Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň marketing we bahalaryň konýunkturasy merkezi tarapyndan bilelikde guraldy. Üstümizdäki ýylda Belarusyň MÝI-de başlyklyk edýändigini ýatladýarys.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

27.11.2017. Amerikan söwda palatasy (American Chamber) Gyrgyzystanyň Döwlet hasaba alyş gullugyny innowasiýalar we tehnologiýalar ugry boýunça gazanan üstünlikleri üçin sylaglady. Bu barada Gyrgyzystanyň Döwlet hasaba alyş gullugynyň metbugat gullugy habar berýär.
Amerikan palatasynyň her ýyl öz agzalary we hyzmatdaşlary bilen geçirýän duşuşygynda olaryň ilkinji gezek döwlet edarasyny innowasiýalar we tehnologiýalar ugry boýunça gazanan üstünlikleri üçin sylaglandygy bellenilip geçilýär.
***
MAGLUMAT. Gyrgyzystandaky Amerikan palatasy kompaniýalaryň 70-den gowragyny birleşdirýän halkara biznes assosiasiýasydyr. Ol Gyrgyzystanda amatly we bäsleşige ukyply işewürligi döretmäge we oňa gatnaşýan kompaniýalary birleşdirmäge çalyşýar. «AmCham Awards-2017» atly baýrak gowşurylyş dabarasy birnäçe ugur boýunça geçirildi.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Burýatiýa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy Hytaýyň megapolisleriniň biri bolan Guançžou şäherinde edarasyny açdy.
Burýatiýanyň Söwda-senagat palatasy Russiýanyň ugurdaş guramalarynyň arasynda ilkinji bolup işewürlik gatnaşyklaryny ösdürip başlady.
Öz edarasynyň açylmagy Respublikanyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary we biznesini ösdürmek babatdaky işlerini hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin oňat mümkinçilikdir. Bu barada Burýatiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekili Petr Ýertanow gürrüň berýär.
10 million ilaty bolan Guançžou Hytaýyň ululygy boýunça 3-nji şäheri hasaplanýar. Ol ýerde Günorta Hytaýyň syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, bilim, medeni we ulag merkezleri ýerleşýär.
Ýertanowyň aýtmagyna görä, Burýatiýa Respublikasynyň daşary ýurtlarda 3 wekilhanasy hereket edýär. 19-njy iýunda Mongoliýada (Ulan-Bator şäheri), 17-nji sentýabrda Günorta Koreýada (Seul şäheri) Burýatiýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilhanasy açyldy.
Nobat Pekin şäheriniňki. Ýakyn günlerde ol ýerdäki wekilhana hem gapysyny giňden açar.
Burýatiýa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy 2018-nji ýylyň ýanwarynda Ýaponiýada hem peýda bolar. Ol ýerde ýurduň paýtagty Tokioda wekilhana açylmagyna garaşylýar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Moskwada Söwda-senagat palatasynyň meýdançasynda Russia TALK ady bilen ykdysady forum geçirildi. Bu barada «vostokmedia.com» saýty habar berýär.
Forumyň dowamynda russiýaly we britaniýaly bilermenler Russiýa Federasiýasy bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, «Doing business» atly abraýly reýtingde Russiýa Federasiýasy 35-nji orny eýeleýär. Geçen ýyl 40-njy orna eýelik edýärdi.
Merkezi bankyň habar bermegine görä, Russiýanyň energetikasyna, farmasewtikasyna we beýleki pudaklaryna britan inwestisiýasynyň möçberi 15 milliard dollara barabardyr.
Öz gezeginde Russiýanyň Birleşen Korollygyň ykdysadyýetine inwestisiýasynyň möçberi 8,5 milliard dollara deňdir.
Britaniýaly inwestorlara diňe bir Moskwada garaşanoklar. Söwda-senagat palatasy Russiýanyň sebitlerine hem daşary ýurt maýasyny çekmegi maksat edinýär. Bu babatda Kaluga oblasty öňdeligi eýeleýär. Ol ýerde daşary ýurt taslamalarynyň 160-sy hereket edýär.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!