«Somon Eýriň» baş direktory Tomas B. Hallam II Täjigistanda Amerikan söwda palatasyna ýolbaşçy saýlanyldy ─ diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
«Somon Eýr» awiakompaniýasynyň baş direktory Tomas B. Hallam II Respublikadaky amerikan söwda palatasynyň ─ «AmCham Täjigistanyň» direktorlar birleşiginiň başlygy saýlanyldy ─ diýlip, firmada anyklanyldy.
«AmCham Täjigistan» Amerikan söwda palatasynyň direktorlar birleşiginiň düzümini täzeledi.
Birleşige «Somon Eýr», Deloitte Touche, Coca Cola Nuşokihoi Täjigistan, «Nurafzo», Prospekt Medical Clinic, «Faroz» kompaniýalarynyň, Duşanbe Hilton, «Oriýonbank» myhmanhanalarynyň ýolbaşçylary we «Aziýa-Plýus» mediýa topary girizildi.
Mälim bolşy ýaly, Täjigistandaky Amerikan söwda palatasy hyzmatdaşlyga, biznesiň ösdürilmegine we gyzyklanmalary goramaga mümkinçilik berýänligi üçin öňdebaryjy milli işewür-assosiasiýa hasaplanylýar.

Materiýaly «www.tj.sputniknews.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.