28-30-njy mart aralygynda Ulan-Udede ýerleşýän «Pioner-2» söwda merkezinde «Baikal Trade ─ 2019» atly mongol we rus harytlarynyň Halkara serge-ýarmarkasy geçirildi.
Daşary ýurtly telekeçileriň pawilýonlarynda ýüň, kaşemir, kümüş, deri önümlerini, azyk harytlaryny, sowgatlyk önümleri we beýleki zatlary satyn almaga mümkinçilik döredildi.
Burýatiýanyň telekeçileriniň pawilýonlarynda bolsa, çörek, süýt önümleri, çaý we melhem otlar, konditer harytlary, ballar, myhmansöýerlik ulgamyndaky mümkinçilikler, saglygy goraýyş, gurluşyk materiýallary, sergi-ýarmarka gatnaşyjy kompaniýalaryň kataloglaryny görmäge we işewürler, şol sanda mongol işewürleri bilen işjeň aragatnaşygy paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Munuň üçin ýörite söwda edilýän hatarlarda terjimeçiler işlediler.
Burýatiýanyň Söwda-senagat edarasynda, bu serginiň 28-29-njy martda Ulan-Udede Respublikan biznes-inkubatorda geçirilýän rus-mongol işewür-missiýasynyň bir bölegi boldy – diýip gürrüň berýärler.

Materiýaly «www.ulan.mk.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!