Baku we Asunson ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki syýasy gepleşigi berkitmek üçin çykyş edýär diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
«Azerbaýjanyň we Paragwaýyň Daşary işler ministrleri Elmar Mametýarow we Luis Alberto Kastiloni Asunsonda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda ykdysady aragatnaşygy giňeltmek maksady bilen, Azerbaýjan-Paragwaý söwda palatasyny döretmek pikirine geldiler» diýlip, habarda aýdylýar.
Duşuşygyň jeminde taraplar diplomatiki we resmi ýa-da gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza çäklendirmelerinden boşatmak barada hökümetara ylalaşyga gol çekdiler.

Materiýaly «www.ru.investing.com» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!