Mongoliýanyň Prezidenti Haltmagiýn Battulga Amerikanyň Söwda palatalarynyň ýolbaşçysy Oýbek Halilony, ýerine ýetiriji direktory O.Adýaany we palatanyň agzasy Jakson Koksy kabul etdi ─ diýip, «www. montsame.mn» saýty habar berýär.
Mongoliýadaky Amerikan söwda palatasynyň wekilleri kabul edendigi we Mongoliýanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we oba hojalygynyň ösdürilişi boýunça alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda Mongoliýanyň üçünji goňşusy bilen söwda hakynda kanun taslamasy baradaky meselä hem deglip geçildi. Eger-de kanunyň taslamasy tassyklanan ýagdaýynda oba hojalygynyň ösmegine, ýüň we kaşemir (näzik we ýumşak ýüň mata) önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň we Mongoliýanyň raýatlarynyň girdejileriniň artmagyna garaşylýar.

Materiýaly «www. montsame.mn» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!