Moldowanyň 18 sany kompaniýasynyň bu düzümi esaslandyrmak isleýändiklerini habar berenlerinden 2 aý soň Kişinýowda Moldowa-Hytaý Söwda senagat palatasy işläp başlady. Bu düzüm iki ýurduň işjeň adamlarynyň arasyndaky özara baglanyşygy üpjün etmekde basgançak bolup hyzmat eder ─ diýip, guramanyň prezidenti Boris Foka belledi. Mundan başga hem bu palata milli ykdysadyýetde hytaýyň maýa goýumynyň ösmegine, şeýle-de söwda alyş-çalşygyna ýardam eder.
Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Serjiu Harýa «Biziň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda Moldowa Respublikasynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň ençemesiniň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan ikitaraplaýyn Söwda-senagat palatalary döredildi» diýip, belledi.
Rumyniýa-Hytaý Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Nikolaýe Wasileskunyň bellemegine görä, bu täze ykdysady düzüm örän möhümdir. Ikitaraplaýyn Söwda-senagat palatasy 22 ýyllyk iş tejribesi bolanlygy üçin Rumyniýa tarapyndan täze düzümiň ösmegini goldar. Häzirki wagtda bu edara 300-den gowrak kompaniýadan ybaratdyr.

Materiýaly «www.noi.md» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!