«EKSPO-2025»-iň geçiriljek ýeri kesgitlenildi. Halkara sergini öz meýdançalarynda geçirmäge mümkinçilik gazanmak üçin Russiýanyň Ýekaterinburg şäheri, Ýaponiýanyň Osaka şäheri we Azerbaýjanyň paýtagty özaralarynda bäsleşdiler. Ses berlişik Parižde Sergileriň halkara býurosynyň baş assambleýasynda geçirildi. Azerbaýjanyň paýtagty ilkinji tapgyrda ses berlişikden çykdy. Ikinji tapgyrda Ýekaterinburgdan 30 ses aratapawut bilen Osaka ýeňiş gazandy.
─ EKSPO sergisiniň geçirilmegi Ýaponiýanyň gözelliklerini bütin dünýä ýaýmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Bu waka diňe bir sergi pawilýonlaryny däl, eýsem, bütin Ýaponiýany synlamaga gelýän syýahatçylaryň sanyny köpeltjekdigine ynanýaryn ─ diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe ses berlişigiň netijesini teswirledi.
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 1970-nji ýylda EKSPO sergisi geçirilipdir. Şol çäre Tokio Olimpiadasyndan 6 ýyl geçenden soňra, ýagny Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary derejä galan wagtynda guralypdyr.

Materiýaly «www.5-tv.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!