Ýekaterinburgyň ýolbaşçylary «EKSPO-2015» Bütindünýä sergisiniň  öz şäherlerinde geçirilmegine hukuk gazanmak ugrunda tagalla edýärler. «Munuň üçin dünýäniň esasy şäherlerinde Russiýanyň çagyryşynyň özboluşly «Ilçileri» bolan 10 sany äpet gurjak (matrýoşkalar) dikilýär.  
 Adamboýy demir-plastikadan ýasalan matrýoşkalar ýöne bir şekil däl. Birinjiden, çeperçilik bezegi biziň ýurdumyzyň guwanýan ─ medeniýetimiziň, sungatymyzyň, ýeten sepgitlerimiziň käbir bölegini açyp görkezýär. Ikinjiden, munuň özi gumanitar taslamadyr.  Awtoryň pikiri boýunça matrýoşkalaryň içi dürli ýurtlaryň çagalarynyň, ýagny olaryň geljegiň şäherini nähili göz öňüne getirýändikleri hakdaky hatlaryndan doldurylandyr.
Şeýle matrýoşkalary eýýäm Milanda, Şanhaýda we Keýptaunda tapyp bolýar. Nobatda bolsa, Pariž, Londan, Buenos-Aýres, Brýussel, Dubaý, Berlin we Barselona dur.

 Materiýaly «www.ural.kp.ru/» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!