Týumen oblastynyň kärhanalary Almata şäherinde geçirilen «WorldFood Kazakhstan» we «KazUpack-2018» halkara sergilerine gatnaşdylar. Bu oblastyň Söwda-senagat palatasynyň habar bermegine görä, Týumen kompaniýalary öz önümleriniň nusgalaryny gazagystanly hyzmatdaşlaryna görkezdiler. Şeýle hem geljekde hyzmatdaşlyk etmäge oňyn baha we gyzyklanma gazandylar.
«WorldFood Kazakhstan» sergisinde Týumen oblastynyň diwarlyklaryny «БКК и Ко», «Сокол» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetleriniň we «Окейч» atly tagamly iýmitleriň fabriginiň önümleri bezedi. «KazUpack» sergisiniň diwarlyklarynda bolsa, «НГ-ГРУПП», «Стеклотех» we «Завод «Полипак» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetleriň öndürýän gaplamak üçin niýetlenilen materiýallarynyň nusgalary hödürlenildi.
Serginiň çäklerinde týumenliler Gazagystan Respublikasynyň iri söwda ulgamynyň wekilleri bilen geljekki hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilen aragatnaşyk biržasyna gatnaşdylar.
«Týumen kompaniýalarynyň önümleri daşary ýurtlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Sarp edijiler «Týumen oblastynda döredilen» diýen haryt nyşanly önümleri hiliň alamaty hasaplap, bu önümleri edinmäge taýýar» diýip, Týumen oblastynyň Söwda-senagat palatasynyň daşary ykdysady iş Merkeziniň direktory Olga Wollert belledi.

Materiýaly «www.t-l.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!