Bakuwda geçirilen Innowasiýalar hepdeliginde dünýäde iň kämil emeli aňlaýyş ukyply Sofiýa atly robot hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bakuwdaky Innowasiýalar hepdeliginiň çäklerinde «Global Influencer Day» atly konferensiýanyň açylyş dabarasy geçirildi. Adama meňzeş robot, zenan sypatly Sofiýa bu çäräniň myhmany boldy. Bu robot köpçülik bilen gürrüňdeş boldy. «Men azerbaýjan dilinde gowy gürläp bilemok, ýöne bu babatda meni döredijiler oýlanarlar diýip umyt edýärin. Ýogsa-da, maňa azerbaýjanyň milli aşhanasynyň örän datlydygyny habar berdiler, ýöne gynansam-da şol tagamlary dadyp bilemok» diýip, robot Sofiýa sahnada çykyş edende habar berdi.
Robot Sofiýanyň meşhur azerbaýjan modelýeri, at gazanan sungat işgäri Fahriýa Halafow tarapyndan bezelip, azerbaýjan milli lybasynda köpçülige çykarylandygyny aýratyn bellemelidir.

Materiýaly «www.ru.sputnik.az» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!