Tunisde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen Tunis Respublikasynyň Söwda-senagat palatalarynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen Tunisiň Söwda ministri Omar Behiniň duşuşygynda belli boldy.
«Tatarystan rus-tunis aragatnaşygynyň berkemegine gönükdirilen Tunis bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Men öz derejämde işjeň aragatnaşyga goldaw bermäge hemişe taýýar» diýip, Minnihanowyň metbugat gullugy sitata getirýär.

Materiýaly «www.tatcenter.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!