Ukraýinada zenan telekeçiligini goldamak maksady bilen, fransuz-ukrain söwda-senagat palatasy «Zenanlar tarapyndan döredilen» atly ýyllyk baýragy esaslandyrdy.
Muny bu baýragyň tanyşdyrylyş dabarasynda fransuz-ukrain söwda-palatasynyň utgaşdyryjysy Mari Brýuan mälim etdi.
Ustümizdäki ýylyň mart aýynda fransuz-ukrain söwda-senagat palatasy direktorlyk wezipesini ýerine ýetirýän ýa-da bu kompaniýanyň agzalarynyň arasynda telekeçi hasaplanýan işewür zenanlaryň komitetini döretdi.
Bu komitetiň taslamalarynyň biri hem her ýylyň mart aýynda ukrainaly zenan-telekeçileriň sylaglanmagyny göz öňünde tutýan işewür zenanlaryň baýragyny döretmekden ybaratdyr.

Materivaly «www.ukrinform.ru» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!