Grodno şäherinde «Grodno şäheriniň Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy» atly işewürlik maslahaty geçirilip, ony bu şähere özbek wekiliýetiniň gelmegi mynasybetli Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Grodno şäherindäki bölümi gurady.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda Özbegistanyň we Belarusyň işewürlik toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy. Şeýle-de, Grodno şäheriniň, «Гродноинвест» kärhanasynyň, Garagalpagystan Respublikasynyň, Surhanderýa oblastynyň ykdysady we inwestisiýa mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Forumynyň başlangyç bölüminden soňra belarus kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň we Özbegistanyň edaralarynyň 19-synyň arasynda B2B formatda gepleşikler geçirildi. Özbek tarapy Grodnodaky kärhanalar bilen maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Hususanda et-süýt önümlerini we Belarusda öndürilen oba hojalyk tehnikalary edinmäge gyzyklanma bildirildi.
Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Grodno şäherindäki bölümi bilen Surhanderýa oblastynyň Söwda-senagat edarasynyň müdirligi bilen ylalaşyga gol çekildi. Garagalpagystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň müdirligi bilen ylalaşyk gazanyldy.

Taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!