Astanada «Global Silk Road» atly halkara forum geçirildi. Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen gurnalan foruma dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden 2000-e golaý gatnaşyjy, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri, işewür toparlaryň baştutanlary, bilermenler we alymlar, şäher häkimleriniň 70-si gatnaşdy.
Forumyň meýdançasynda gatnaşyjylar «akylly şäherleriň» gurluşygyny, işewür syýahatçylyk, durnukly ösüş, şäher gurluşygynda blokçeýn, sebitiň ykdysady geljeginiň, ösüşiniň integrasiýasy, onlaýn Ýüpek ýoly we täze Ýüpek ýolunyň logistiki ösüşi hakynda pikir alyşdylar.
Forumyň çäklerinde şäher häkimleriniň 30-synyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Olaryň içinden 10-sy özüniň tanyşdyryşlaryny görkezdiler. Forumda Hytaýyň Sian şäherinden gelen wekiller hem çykyş etdiler.
Ýüpek ýoly Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Li Çžunhan öz çykyşynda Hytaý bilen Gazagystanyň eýýäm birnäçe gezek öz netijesini beren ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
«Şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Ýüpek ýolunyň Halkara söwda palatasy mynasyp platforma bolup hyzmat eder. Biz Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen hemme tarap hem şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy şu platformanyň esasynda has-da artdyrarys» diýip, wekil belledi.

Materialy «www.russian.people.com.cn» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!