Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko bilen Limanyň (Peru döwletiniň paýtagty) söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas 1980-nji ýylda gol çekilen şertnamany işjeňleşdirmek baradaky ylalaşyga geldiler.
Soňky birnäçe ýylda Russiýa bilen Perunyň arasyndaky gatnaşyklar işjeňligi bilen tapawutlanmady. Russiýanyň gümrük boýunça statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda haryt dolanyşygy 2 esse pese düşüpdir. 2017-nji ýylda položitel görkezijileri gazanmak başardypdyr. Bu ýagdaý 2018-nji ýylda hem dowam edip, birinji ýarym ýylda ýokary netijeler gazanyldy. Bu barada Wladimir Padalko Peru döwletiniň Russiýadaky ilçisi Benhamin Çimoý we Limanyň söwda palatasynyň baş sekretary Hose Rosas bilen bolan duşuşykda belläp geçdi.
Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti krizisden ozalky döwürdäki ýokary görkezijileri diňe bir dikeltmäge däl, eýsem olary has ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik bardygyny aýtdy.
Hose Rosas Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekiliniň pikirini goldap, Peru döwletiniň ykdysadyýetiniň Russiýanyň farmasewtika we medisina önümlerine, informasion tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de, dag-magdan we gurluşyk pudaklarynda bilelikdäki inwestisiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny ýadýarlar.

Russiýanyň «www. vch.ru» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan
Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!