GAWANA. Paýtagt şäher Gawananyň «Nacional» myhmanhanasynda guralan Kuba-Hytaý biznes-forumynyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Bu barada Kuba Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy habar berýär.
Hytaý wekiliýetine Çžeszýan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň biri U Guýin baştutanlyk edip, onuň düzümine kompaniýalaryň 30-a golaýy girdi. Olar azyk senagaty, gurluşyk, dokma, durmuş hyzmatlary we beýleki ulgamlara wekilçilik etdiler.
Forumyň ahyrynda Çžeszýan welaýatynyň halkara söwdasyna ýardam etmek Geňeşi bilen Kuba Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Geljekde bu iki guramanyň arasyndaky gatnaşyklary has giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Bu çäre iki döwletiň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden we özara düşünişmegi ýola goýmakdan ugur alýar.

«Пренса Латина» habarlar agentliginiň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!