27.02.2018. Azerbaýjanyň Çehiýadaky ilçihanasy we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasy (Çehiýadaky) hyzmatdaşlyk boýunça memoranduma gol çekdiler diýlip, ilçihananyň habarynda aýdylýar. Memorandum Azerbaýjan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşygynyň ösmegine, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky gatnaşygyň giňeldilmegine, şeýle hem Çehiýada Azebaýjanyň wagyz edilmegine ýardam eder.
Habarda Çehiýada ilçihananyň we Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigi bellenilýär. Hyzmatdaşlygyň netijesinde Çehiýadaky Azerbaýjanyň ilçihanasynda Genje awtomobil zawody bilen Çehiýanyň «Tatra» kompaniýasynyň arasynda ady agzalan kompaniýanyň ýük awtoulaglarynyň önümçiligi hakynda memoranduma gol çekildi.
Şeýle hem üstümizdäki ýylda Çehiýadaky Azerbaýjan-Ýewropa söwda palatasynyň we ilçihananyň dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirilýär.

Materiýaly www.trend.az saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

FaLang translation system by Faboba