Özbegistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegini goldap, onuň bu ýurduň biznes üçin açykdygynyň möhüm alamaty boljakdygyny beýan edýär.
Bu barada USAID (ABŞ-nyň halkara ösüşi boýunça agentligi) guramasynyň direktory Geri Robbins Daşkent şäherinde bolan mahaly ýerli habar beriş serişdeleriniň wekillerine habar berdi.
Ol Özbegistanyň bu gurama girmegi BSG-nyň agzasy bolup durýan döwletler, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigini aýdýar.
Özbegistanyň 15 ýyllyk arakesmeden soňra Bütindünýä söwda guramasyna girmek barada tagalla edip başlandygyny ýatladýarys.

Materiýaly “www.uzdaily.uz” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!