Moskwada ikinji gezek iri megapolisleriň 6-synyň (S6) söwda-senagat palatalarynyň duşuşygy geçirildi.

Moskwanyň hökümetiniň ykdysady syýasaty we ýer-emläk meseleleri boýunça Moskwanyň Meriniň orunbasary Natalýa Sergunina dünýäniň iri megapolisleriniň, ýagny Berliniň, Londonyň, Parižiň, Pekiniň we San-Paulunyň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Meriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, şäherleriň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Moskwanyň islendik maýa goýumlar üçin açyklygy munuň subutnamasydyr. Ol paýtagtyň Russiýa boýunça maýadarlar üçin kommerçeskiý däl töwekgelçilikleriň kepillendirmeleri hakynda kabul edilen kanunyň ýeke-täk ýeridigini ýatlatdy.

Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça Moskwanyň 6 sany megapolis bilen bilelikde Türkiýä jemi eksport eden harytlarynyň bahasy 24,4 milliard dollara ýetdi. Munuň özi Moskwanyň umumy eksportynyň 34,3 göterimini düzýär.

Işewürlik maslahatynyň birinji duşuşygy 2017-nji ýylda geçirilipdi. Şol wagt onuň düzümine bäş sany şäher girýärdi. San-Pauly 2012-nji ýylda goşuldy.

Üstümizdäki ýyl bolsa, Stambulyň söwda-senagat palatasy bu altylyga synçy hökmünde goşuldy. Moskwadaky bu gezekki duşuşyga bu edaradan hem ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Işewürlik maslahatynyň geçen gezekki mejlisi 2016-njy ýylyň iýunynda Parižde guraldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!