86-njy Izmir sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde onuň öňüsyrasynda Tatarystanyň Söwda-senagat palatasy bilen Izmir welaýatynyň arasynda özara gatnaşyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Bu ylalaşyga Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Şamil Ageýew bilen Izmir welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Ekram Demirtaş gol çekdiler.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Tatarystanyň delegasiýasynyň wekilleri Egeý sebitiniň harytlaryny eksport edijiler birleşigi bilen gepleşikler geçirdiler. Ýarmarkanyň çäklerinde «KAMAZ» jemgyýeti bilen Tirsan Kardan türk kompaniýasynyň Russiýanyň çäklerinde herekete getiriji çarhlary öndürýän kärhanany gurmak hakyndaky resminama gol çekildi.
Bu resminama «KAMAZ» jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin bilen «Tirýakiler» kompaniýasynyň direktorlar sowetiniň başlygy Mehmet Tirýaki gol çekdiler.
Senagat we sarp edilýän harytlaryň «Izmir International Fair 2017» atly 86-njy Izmir halkara söwda sergi-ýarmarkasy 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 18-i 22-si aralygynda Türkiýede geçirildi. Serginiň esasy temasy «Innowasiýa we energetika» diýlip, bellenildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!