25.01.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Panamadan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Beýik britaniýaly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Beýik Britaniýadan,

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bu düzümleriň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolmagynyň çäklerinde Hazar deňziniň kenarýaka zolagy boýunça gezelenç etdi.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz gämi duralgasyna geldi. Milli Liderimizi gämi duralgasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen “Galkynyş” gämisine münüp, deňiz giňişligi boýunça gezelenç etdi.
Deňiz giňişligi boýunça guralan gämili gezelençden soň, döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän “Akmaýa” dabaralar merkezinde çaý başynda söhbetdeşlik gurady.

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçdy. Ol özüniň gysga möhletleýin dynç alyş wagtynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz tanyşdyryş çäresiniň barşynda köpugurly sport toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Myradym” hususy kärhanasy amala aşyrar.
Tanyşdyryş çäresiniň barşynda fitnes boýunça belli nemes hünärmeni Bert Rouşenbah döwlet Baştutanymyza täze sport toplumynda gurnaljak abzallaryň we türgenleşik enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Awazada” “Polimeks türk kompaniýasy tarapyndan bina ediljek sagaldyş –dikeldiş merkeziniň taslamalary we çyzgy görnüşleri bilen tanyşdy.

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ilkinji derejeli meseleleri çözmegiň ugurlary kesgitlenшдdi we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!