8-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, welaýatlary hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Atdaýewi çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler hem-de oba milli maksatnamasynda 2016-njy ýylda gurulmagy göz öňünde tutulýan medeni-durmuş ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

08.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, uçar kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da daşary ýurt puluna jinsi matasy, polipropilen haltalar, portlandsement, nah ýüplügi, pagta-süýümi satyldy. Olary satyn alan döwletler: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur, Owganystan, Gruziýa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 627 müň dollaryndan gowrak boldy.

5-nji fewralda Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň öňdebaryjy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri Germaniýa iberildi. Germaniýa tarapyndan hökümetiň agzalary, biznesi ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iş alyp barýan iri nemes kompaniýalarynyň 90-a golaýynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar.

5-nji fewralda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.
Saglygy goraýyş boýunça köpugurly pudagara toparyň mejlisine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar bu toparyň Düzgünnamasy we düzümi, onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we ýolbaşçylar bilen bagly käbir meselelere seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy hasabat bilen çykyş edip, öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdiler.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!