Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir. Ilkinji nobatda, ylym we bilim, şeýle hem diňe bir tehnologiýalary çekmek babatda däl, eýsem, milli ylym-bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar.
Bu ugurlar Türkmenistanda akademiki düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli forumlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, bu forumlaryň mowzugy yzygiderli giňelýär, oňa senagat kärhanalarynyň, durmuş ulgamy edaralarynyň, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki guramalaryň hojalyk işiniň barha täze meseleleri goşulýar. Milli Liderimiziň tutuş syýasaty ykdysady we durmuş meseleleriniň özara baglanyşygy hem-de bitewüligi esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuşynyň ähli taraplarynyň tejribesinde öňdebaryjy dünýä tejribesini düýpli öwrenmäge hem-de özleşdirmäge çagyrýar.
Ýurdumyzyň hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym jemgyýetçiliginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň, ýaş hünärmenleriň öňünde goýýan wajyp wezipesidir.

23.12.2018. Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzyň ähli sebitlerini, gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar.
Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, şolary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge, şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belleýär.
Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, pudaklaýyn forumlar ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly orna eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda guralýan halkara sergileriniň ähmiýetini belledi. Şolar beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmegi dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

21.12.2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir. Ilkinji nobatda, ylym we bilim, şeýle hem diňe bir tehnologiýalary çekmek babatda däl, eýsem, milli ylym-bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar.
Bu ugurlar Türkmenistanda akademiki düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli forumlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, bu forumlaryň mowzugy yzygiderli giňelýär, oňa senagat kärhanalarynyň, durmuş ulgamy edaralarynyň, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki guramalaryň hojalyk işiniň barha täze meseleleri goşulýar. Milli Liderimiziň tutuş syýasaty ykdysady we durmuş meseleleriniň özara baglanyşygy hem-de bitewüligi esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuşynyň ähli taraplarynyň tejribesinde öňdebaryjy dünýä tejribesini düýpli öwrenmäge hem-de özleşdirmäge çagyrýar.
Ýurdumyzyň hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym jemgyýetçiliginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň, ýaş hünärmenleriň öňünde goýýan wajyp wezipesidir.

20.12.2018. Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn hem-de köpugurly ykdysady forumlar netijeli işewür gatnaşyklaryň aýdyň we mazmuny boýunça baý görnüşleriniň birine öwrüldi. Şolar ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemäge gönükdirilendir.
Şu mesele boýunça 2018-nji ýylyň synynda döwlet Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisini aýratyn bellemek bolar.
Her ýyl guralýan gözden geçirilişiň çäklerinde ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ösüşe tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünligi görkezildi. Sergide hödürlenen gymmatlyklar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde deňsiz-taýsyz gazananlaryny aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň esasy bolup durýar. Şu maksada ýetmek üçin ähli pudaklarda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

19.12.2018. Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklaşdyrylmagyna we deňeçerligine göni täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de döwrüň talabydygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň doly derejede kabul edýän degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly Halkara maslahatynyň geçirilendigini bellemeli. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga birnäçe daşary ýurtlaryň abraýly guramalarynyň, şeýle hem ulag-logistika ulgamyndaky ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!