Dürli reňkler bolluk bilen siňdirilip, keşdelenen zenan we erkek donlary, çabytlardyr kürteler, elde dokalan ýan torbalary, gurnama ýorganlar, nagyşlanan at eýerleri, tutulardyr gabsalyklar, pagta süýüminden dokalan matalar, perdelik matalar, düşekler we başga-da ençeme dürli eksponatlar tomaşaçylary halk döredijilik öwüşginleriniň we gündogar ertekileriniň dünýäsine atardy.
Kolleksiýalardan görnüşi ýaly, Jaslin Gündogaryň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň dokmaçylyk däplerini ylmy taýdan öwrenmek bilen gyzyklanýar. Ol çeper senetçiligiň we dokma önümçiliginiň ösdürilmegi baradaky kitaplaryň birnäçesiniň awtorydyr.
Kuweýtiň medeniýet, sungat we edebiýat boýunça Milli soweti, Al-Sadu jemgyýeti we Aziýa-Ýuwaş umman Bütindünýä hünärmentçilik sowetiniň bölümi tarapyndan guralan bu sergi Ýakyn gündogaryň sungat durmuşynyň görnükli wakasynyň, ýagny Al-Kuraýn 24-nji halkara festiwalynyň çäklerinde guraldy.

Materiýaly “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

«Türkmen iti» atly kinologiýa (kinologiýa ─ itler, olaryň tohumlary, olary ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak baradaky ylymdyr) kluby Aşgabatda tohum itleriň sergisini guramagy meýilleşdirýär. Gözden geçirilişiň esasy gahrymany elbetde, hemmeleriň söýgüli alabaýy bolar. Şeýle hem bu sergide nemes owçarkasydyr yzçy itler we dürli görnüşli beýleki itler tomaşaçylara görkeziler.
Bu serginiň şu ýylyň aprel aýynda «Dagdan» stadionynda geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Klubyň direktory Wepa Darganaýewiň aýtmagyna görä, aprel aýy bu çäräni geçirmek üçin amatly hasaplanylýar. Mart aýyndaky ýagyşlardan soňra, itleriň ýaz tüýlerini täzelemegine çenli ýeterlik wagt bolýar. Bu aýda alabaýlar hem, beýleki tohum itler hem tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz gözelliklerini görkezerler. «Türkmen iti» kluby 1992-nji ýylda döredilip, Orta Aziýa goýun itleriniň, şeýle hem olaryň ilki başdaky keşpleriniň we gylyklarynyň biziň ýurdumyzyň çäginde halkara kinologiýa derejesine girizilmegi üçin uly goşant goşdy.
Asyrlaryň dowamynda türkmen halky alabaýlary ösdürip ýetişdirmek üçin kyn usullaryny işläp düzdi. Klubyň esasy ýörelgesi öz eýesine wepaly, akylly, çydamly itleriň bu görnüşini ýetişdirmekde seýrek däpleri yhlas bilen dowam etdirmäge we olary gorap saklamaga gönükdirilendir.

Materialy “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

31-nji ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler. Häzirki wagtda gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Sergide tehnologiki enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulag we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlaryny hödürlärler.

Halkara sergi innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam eder.

www.turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti 12-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanylan “Sergiler merkezini” gurmagyň taslamasy barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz “Awazadaky” “Sergiler merkeziniň” taslamasynyň üstünde durup geçip, Hazaryň kenar ýakasynda bina edilýän desgalaryň ählisiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanmalydygyny, syýahatçylyk zolagynyň umumy binagärlik keşbine sazlaşykly goşulmalydygyny belledi. Milli Liderimiz wekilçilikli işewür forumlary hem-de ýokary derejeli duşuşyklary geçirmäge niýetlenilen binalaryň ählisi işlenip taýýarlanylanda dünýä ölçeglerini nazara almagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

www.tdh.gov.tm

12.01.2018. Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO gatnaşmagyň dünýä bileleşigine Türkmenistanyň gazanýan döwrebap üstünliklerini görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalarynyň, ylmyň işläp taýýarlamalarynyň, harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşarky bazarda öňe ilerlemegini üpjün etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtady.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!