02.02.2018. Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli çäre Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeginiň netijeli guralyna öwrüldi we ýurdumyzyň senagatynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri we ösüş ugurlaryny beýan etdi, bu ulgama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasynda möhüm ähmiýet berýär.

Bu gözden geçiriliş öňdebaryjy ylmy başlangyçlary we senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullary babatda dünýäniň öňdebaryjylarynyň netijeli çözgütlerini hem-de tejribe alşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat etdi we bu ulgamdaky gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň hem-de görnüşleriniň ösdürilmegini şertlendirdi. Sergi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaga bolan isleglerini ýokarlandyrdy. Häzirki döwürde türkmen bazary ýokary sazlaşykly ösüşi, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri bilen özüne çekýär.

Sergi gatnaşyjylaryň düzüminiň ägirt uly bolmagy, olaryň hatarynda dünýäniň transmilli korporasiýalarynyň, import-eksport boýunça milli söwda assosiasiýalarynyň, iri köpugurly senagat kompaniýalarynyň we ýöriteleşdirilen önüm öndüriji firmalaryň, konsalting guramalaryň bolmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň ýolunda uly üstünlikleri gazanýandygyny we ýurdumyzyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny alamatlandyrdy.

Giň möçberli sergi halk hojalygy toplumynyň ähli möhüm ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany, aragatnaşygy, gurluşygy, himiýa senagatyny, dokma pudagyny, gaz we nebit-himiýa, gurluşyk serişdeleri önümçiligini, iýmit önümlerini, söwdany, hyzmatlar ulgamyny öz içine aldy.

29.01.2018. Baku şäheriniň EKSPO-2025-e taýýarlygynyň guralyşyna baha bermek üçin Halkara sergiler býurosynyň komissiýasynyň agzalarynyň gelmegine taýýarlyk görülýär.
Bu halkara sergisine Baku, Ýekaterinburg, şeýle hem Ýaponiýanyň Osaka şäheriniň bäsdeşlik edýändigini ýatladýarys. Fransiýa welin özüniň kandidaturasyny aýyrdy.
Azerbaýjan halkara sergiler býurosyna 2017-nji ýylyň maý aýynda ýüz tutdy. Bu ýurt eýýäm öz taslamasyny görkezdi. Baku adam kapitalynyň ösdürilmegine bagyşlanan temany hödürledi. Bu byuro tarapyndan guralýan sergä Azerbaýjan indi birnäçe ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. Geçen ýyl ýöriteleşdirilen sergini Astana kabul etdi.
Mart aýynda taslama taýýarlyk görmegiň meselelerini öwrenmek üçin baha kesýän missiýa Baku şäherinde bolar. Noýabr aýynda bolsa, EKSPO-2025 köptaraplaýyn serginiň guramaçy ýurduny Byuronyň 164-nji mejlisinde 170 agza döwletler saýlar.
Ol her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. 25 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýan nobatdaky sergi 2020-nji ýylda Dubaýda geçiriler.

Materiýaly “www.24.kz” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

31.01.2018. Paýtagtymyzda senagat önümleriniň, enjamlarynyň döwrebap tehnologiýalarynyň Halkara sergisi öz işine başlady, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär, olar türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä ylmynyň gazananlaryny we iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe bolýar. Köp pudakly senagat tiz depginlerde kemala getirilýär, bu pudak iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir we ýokary goşmaça bahaly bäsleşige ukyply önümçiligiň giňeldilmegini ugur edinýän öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýä nou-haulary peýdalanmak bilen hereket edýär.

Türkmenistan kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilmegini, ýokary hilli harytlaryň ýurdumyzyň özüniň çig mal serişdelerini, tebigy baýlyklaryny peýdalanmak arkaly önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagy ugur edinmek bilen gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň köp sanlysyny özüne çekýär, olar daşky maýa goýumlary üçin açyk bolan türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga çalyşýarlar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli pudaklaýyn we köpugurly ykdysady forumlar özüniň netijelliligi we many-mazmuny boýunça işewürlik gatnaşyklarynyň iň netijeli gurallarynyň birine öwrüldi, olar ýakyn işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, halkara söwda hyzmatdaşlygynyň täze ýollarynyň gözlenilmegine gönükdirilendir.

Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýanwar aýynyň 17-21-i aralygynda «FITUR-2018» atly 38-nji Halkara syýahatçylyk sergisi guraldy. Iri syýahatçylyk çäresi bolan FITUR, syýahatçylyk işewürligine ýöriteleşdirilen dürli ýurtlardan ençeme guramalary toplady. Bu giň möçberli çärä Türkmenistandan «Owadan syýahat» atly syýahatçylyk gullugy gatnaşdy. Bu ýyl «Owadan syýahat» taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahaty hödürleýän «Silk Road destinations» atly taslamany görkezdi. Aýratyn hem syýahatçylar biziň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly taryhy ýerlere baryp, görmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem «Owadan syýahat» üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna hem utgaşdyrylan ugurlary hödürleýär. Gullugyň işgärleriniň aýtmagyna görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler. «Owadan syýahat» 2017-nji ýylda Türkmenistana gelen, esasan ýewropa ýurtlarynyň wekilleri bolan syýahatçylaryň 3 müňden gowragyny kabul etdi. Şundan ugur alyp, 2018-nji ýylda bu görkezijiniň ýokarlanjakdygyna çak etmäge esas bar.
Bu hususy syýahatçylyk kärhanasy ýanwar aýynyň başynda Amsterdamda geçirilen syýahatçylyk ýarmarkasynda «Türkmenistan» atly taslama boýunça çykyş etdi. Bu ýylyň mart aýynda bolsa, «ITB Berlin» atly dünýäde iň iri syýahatçylyk sergisine gatnaşyjylaryň hataryna goşular.

Materiýaly “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» Türkmenistanyň önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de häzirki zamanyň döwrebap tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar. Innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberlerini artdyrmak bellenýär. Göz öňünde tutulan bu işler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda senagat pudaklarynda, takyk inženerçilik we biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, telekommunikasiýalar babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Döwletimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň döredilmeginden, bay tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyndan hem-de milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alýar. Ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasy, bu ugurda gazanylan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna hem laýyk gelýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!