Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp her ýyl geçirilýän foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem 12 döwletden meşhur alymlar, professorlar we lukmanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň guramalaryndan we kärhanalaryndan başga-da Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň 245-si – lukmançylyk maksatly tehnikalary we önümleri, derman serişdelerini öndürijiler, keseli anyklaýyş we bejeriş babatda täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar öz önümlerini görkezdiler. Sergide ilkinji gezek türkmen bazaryna çykmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň 17-siniň wekilleri öz harytlaryny hödürlediler.

Sergi barlaghana we keseli anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk enjamlary hem-de serişdeleri, optika we oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ýaly ugurlary we beýlekileri birleşdirdi.

Forumyň çäklerinde, däp bolşy ýaly, alymlaryň we hünärmenleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ýörite ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak arkaly giň möçberli işjeň we ylmy maksatnama guraldy.

10.07.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti GFR-e bardy, bu ýerde şu gün “Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewür çäräniň birinji güni geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işini täze derejä çykarmak maksadynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri, şol sanda nemes önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belleýär. Şu günki çäre Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, daşarky bazarda ýurdumyzyň pudaklarynyň ornuny berkitmäge, olaryň eksport, innowasion we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

GFR bilen nobatdaky bilelikdäki çäräniň maksatnamasynda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň resmi duşuşyklarynyň tapgyry, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň “Neufeld” kompaniýasynyň önümçilik bölümlerine baryp görmegi ýaly çäreler göz öňünde tutuldy. Bu kompaniýa azyk senagatynda ýöriteleşdirilip, “BASF” iri himiýa konserniniň “SAP SE” programma üpjünçiligini öndüriji bolup durýar.

Gepleşikler we geňeşmeler özara gatnaşyklara täze çemeleşmeleri, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, işewür gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemäge we ylalaşmaga bagyşlandy.

Milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny artdyrmak, iri möçberli taslamalara täze serişdeleri çekmek köp babatda kompaniýalaryň, işewür toparlaryň wekilleriniň, dünýä işewürligi babatda seljerijileriň we bilermenleriň maglumatlar bilen üpjünçiligine bagly bolýar.

11-nji iýulda türkmen-german işewürler maslahaty, türkmen önümleriniň sergisi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçiriler.

10-12-nji iýulda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Türkmenistan –Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly forum geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty hem-de Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi geçiriler.
Köplenç ýöne Frankfurt diýlip atlandyrylýan Maýn boýundaky Frankfurt Germaniýanyň ululygy boýunça 5-nji şäheri hasaplanýar. Bu şäher Maýn derýasynyň gadymy güzerinde (furt) franklaryň köpçülik bolup ýaşaýan ýerinde – Frankoniýada ýerleşýär. Şonuň üçin oňa franklaryň güzerinde (furt) ýerleşýän şäher, ýagny Frankfurt diýilýär.
Frankfurt dünýäniň alfa şäherleiniň biri hasaplanyp, ol täjirçiligiň, medeniýetiň, bilimiň, syýahatçylygyň we transport gatnaşyklarynyň merkezi hasaplanýar. Bu ýerde Ýewropanyň merkezi banky, Germaniýanyň Federal banky, Frankfurt biržasy, Frankfurt ýarmarkasy, Frankfurt howa menzili ýerleşýär. Frankfurtyň otly meznili hem-de awtomobil ýollary Ýewropa kontonentiniň iň çylşyrymly geçelgeleriniň hatarynda durýar.
Frankfurtyň dünýäniň alfa-şäherleiniň sanawynda ilkinji 20-lige girýän ýeke-täk german şäheridigini hem aýtmalydyrys. Alfa şäher diýlip dünýä ykdysady ulgamynyň bir bölegi bolan şäherlere aýdylýar. Olar adatça Ýer ýüzüniň ähli sebitlerine diýen ýaly syýasy, ykdysady we medeni babatda öz täsirlerini ýetirýärler.
“Mercer Human Resource Consulting” kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, Frankfurt ýaşaýşyň derejesi boýunça Germaniýada 2-nji, dünýäde 48-nji orny eýeleýär.
Germaniýada adynda Frankfurt sözi bolan iki şäher bar. Olaryň bir Maýn boýundaky Frankfurt, beýlekisi Oder boýundaky Frankfurt. Ýöne gündelik gepleşikde Frankfurt diýlende göniden-göni Maýn boýundaky Frankfurta düşünilýär.
Frankfurt ýüzýyllyklaryň dowamynda Germaniýanyň maliýe merkezi hökmünde bellidir. Sebäbi ol ýerde iri banklaryň we broker edaralarynyň birnäçe ýerleşýär. Frankfurtyň ykdysadyýeti esasan “üç läheňe” esaslanýar – maliýe, transprt, ýarmarka işi.
Frankfurt biržasy Germaniýanyň iň iri, dünýäniň iň möhüm biržalarynyň biri hasaplanýar. Bu şäherde Ýewropa bileleşiginiň döwletleriniň pul-karz syýastyny kesgitleýän Ýewropanyň merkezi banky hem-de Germaniýanyň Federal banky ýerleşýär. Mundan başga-da daşary ýurt er milli banklaryň 300 töwereginiň wekilhanasy, şeýle-de iri nemesbanklarynyň ençemesiniň baş edarasy Frankfurtda ýerleşýär.

06.07.2017. Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi dostlukly ýurduň senagat we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmakda netijeli meýdança boldy.
Iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli mehanizmi bolmaga gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen sergi okgünly ösýän hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazaryna hytaý işewürleriniň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi.
Üç günläp dowam eden forumyň işine Hytaý Halk Respublikasynyň dürli sebitlerinden, şol sanda Sinhaý, Çžeszýan, Szýansu, Şandun we beýleki welaýatlardan bolan esasy kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň 100-den gowragy gatnaşdy. HHR-niň Sinszýan – Uýgur awtonom oblastyna we Gyzylsuw – Gyrgyz awtonom okrugynyň wekilleri sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzdüler.
Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýerleşdirilen harytlar sergä gatnaşan 70-den gowrak iri, köpugurly kompaniýalaryň, ýöriteleşdirilen firma – kärhanalaryň, şeýle hem eksport we import boýunça halkara söwda agentlikleriniň diwarlyklaryny emele getirdi.
Olaryň arasynda biziň ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, biziň bazarymyzda orun almagy maksat edinýänler-de bar. Olar sergide ilkinji gezek ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary, ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini hödürlediler. Munuň özi senagatlaşmagyň okgunly ösüşini başdan geçirýän, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly gelejegiň we mümkinçilikleriň bardygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Serginiň çäklerinde meýdançalarda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olarda türkmen hyzmatdaşlary bilen bolup geçen duşuşyklarda we gepleşiklerde bellenen meýilnamalary we taslamalary amala aşyrmagyň mundan beýläkki anyk çäreleri kesgitlenildi.

04.07.2017. Paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.
Iki döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin dostlukly ýurduň önümleriniň gözden geçirilişini guramak baradaky başlangyjy öňe sürdüler we bu sergi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.
Foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň dürli welaýatlarynyň senagat kuwwatyna wekilçilik edýän kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 70-e golaýynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bar. Köp ýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda olar bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ägirt uly oňyn tejribe toplanyldy. Olaryň hatarynda Hytaýyň Birinji awtomobil korporasiýasy (FAW), ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan milli nebitgaz korporasiýasy (CNPС), nebitgaz pudagy üçin enjamlary öndürýän “Jeren” kompaniýasy, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iri hyzmatdaş bolan “Huawei” kompaniýasy hem-de ýurdumyza getirilýän energiýa üpjünçilik ulgamlary üçin kuwwatly elektron transformatorlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan TBEA Group we beýlekiler bar.
Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary görkezýärler. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň köptaraply ykdysady kuwwatyndan habarlydyr we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýarlar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilleri, iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!