26.04.2019. Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylyp, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Ajaýyp sene mynasybetli çäreler eziz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ýaýbaňlandyryldy, sungat ussatlarynyň çykyşlary, döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary guraldy. Düýn Aşgabatda geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş sungatynda beýan etmek boýunça bäsleşigiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sungat ussatlarynyň eserleriniň sergisi hem ganatly bedewlere bagyşlandy.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlar — dünýä atçylyk pudagynyň wekilleri, bilermenler, ippolog alymlar, gadymy türkmen bedewleriniň tohumlarynyň muşdaklary we meşhur ahalteke bedewleriniň wagyzçylary täsin ahalteke bedewiniň hormatyna guralan dabaralara gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan Türkmenistana geldiler.

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar. Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň işini ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän halkara derejeli işewürlik pudaklaýyn maslahatlaryň uly ähmiýetine ünsüni çekýär. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde abraýynyň ýokarlandyrylmagy, milli ösüşde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin sergi-maslahatlary guramagyň uly ähmiýetini ençeme gezek nygtap geçdi.
Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Gaz kongresi geçen ýyllarda abraýly pikir alyşmalar meýdançasyna öwrüldi, onda hünärmenler, dolandyryjylar hem-de bilermenler derejesinde uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak meseleleri boýunça iň möhüm meýiller ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem ondan taýýar önümleri öndürmek we bu pudakda halkara tehnologiýa, söwda-ykdysady hem-de syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garalýar, munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

13.04.2019. Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny–öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady.
Her ýyl geçirilýän serginiň çäklerinde Watanymyzy has-da ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, bazar gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän giň gerimli işleriň üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.
Aşgabat sergi-ýarmarkasynda görkezilen diwarlyklar halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy bolup durýan durmuş-ykdysady taýdan ösüşde Watanymyzyň ajaýyp gazananlaryny aýdyň şöhlelendirdi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda türkmen ykdysadyýetinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

2020-nji ýylda Dubaýda (BAE) geçiriljek EKSPO Bütindünýä sergisi, munuň özi industriýalizasiýanyň nyşany hökmünde we tehniki-tehnologiki üstünlikleri açyp görkezmekde açyk meýdançadyr. EKSPO-2020 Ýakyn Gündogarda geçiriljek ilkinji Bütindünýä sergisi bolar. Sergi meýdanynyň ägi Dubaý bilen Abu-Dabiniň aralygynda 438 gektar ýeri eýelär. Ol 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli dowam eder. Ol ýerde milli pawilýonlaryň 190 sanysy hödürleniler.

16.03.2019. Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa pudaklarynda, dokma senagatynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda işleýän öňdebaryjy bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerini görkezýän hem-de diňe ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge dostlukly ýurduň ýokary gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Häzirki maslahat giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki ýurduň özara ymtylmalarynyň subutnamasydyr.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!