2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kaşaň binasynda ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji wakalarynyň biri bolan dabaraly çäre geçirildi.
Onuň çäklerinde bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň adyndan “Türkmen owazy” teleýaýlymyna häzirkizaman “Pioneer” atly köpugurly sanly multipleýer saz enjamyny sowgat bermek dabarasy boldy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly sanly “Pioneer” multipleýer saz guralynda birnäçe saz eserlerini ýerine ýetirdi hem-de bu häzirkizaman saz enjamyny “Türkmen owazy” teleýaýlymyna sowgat berýändigini mälim etdi.
Teleýaýlymyň işgärleri öz işlerini has ilerletmäge ýardam etjek ajaýyp sowgady buýsanç bilen kabul etdiler.
Döredijilik duşuşygynyň barşynda meşhur aýdymçylaryň, belli sazandalaryň çykyşlary boldy.

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Aşgabadyň ajaýyp binagärlik gözellikleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada belent owadan arça gurnaldy.
Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, her ýylda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky şadyýan Täze ýyl baýramçylygyna kanagatlanma bilen gatnaşýar.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazlar, şowhunly tanslar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli gutlaýar.

Amerikanyň Russiýadaky söwda edarasy 2016-njy ýylda Moskwanyň merkezindäki Lesnoy köçesinde ýerleşýän işewürlik merkezinden alnan jaýa göçer diýlip, Cushman & Wakefield kompaniýasynyň habarynda aýdylýar.
“Amerikanyň söwda edarasynyň täze döwrebap edarasy üçin işewürlik merkeziniň 11-nji gatyndan 450 inedördül metr meýdany kärendesine alyndy” diýlip, habarda bellenilýär.
Ozal Amerikanyň söwda edarasy Dolgorukow köçesindäki işewürlik merkezinde ýerleşýärdi.

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, şeýle hem halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Şol çözgütler oňyn netijelerini hem berdi.

12-nji dekabrda paýtagtymyzda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlarynyň wekilleri Aşgabada ýygnandylar. Foruma, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçylar topary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!