18.03.2018. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu iri guramanyň döredilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan sergisi we maslahaty öz işini tamamlady.

Forumda obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünlikleri görkezildi, bu gözden geçiriliş şeýle hem içeri we daşary bazarlarda hususy kärhanalaryň önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň öňe ilerlemegine, Watanymyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň işewür toparlarynyň we daşary döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda forum geçirildi.

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu ýere ýygnananlar telekeçiler bilen geçirilen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynyň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmäge degişli resminamanyň, “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bu maksatnamanyň ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini beýan edýändigi hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasion we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň telekeçiligini goldaýandygy, eziz Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de işlemäge şert döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

17.03.2018. Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Uly möçberli gözden geçiriliş şu ýyl 10 ýyllygyny belleýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegine bagyşlanyldy.

Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekillerine aýdan Gutlag sözlerini olar uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol duşuşykda milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda öz hatarlarynda häzir 20 müňden gowrak agzalaryny birleşdirýän hem-de işjeň ösýän işewür jemgyýetçiligi bolan bu iri guramanyň işine ýokary baha berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hojalygy dolandyrmagyň bazar gatnaşyklary ulgamyny döretmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýan ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösdürilmegine ýardam berip, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagyny goldaýar. Milli ykdysadyýetde döwlete dahylsyz ulgamyň tutýan ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy bolsa Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Geçen 10 ýylda ýurdumyzyň kiçi we orta işewürligi örän uly derejede ösdi. Zähmet ýeňişlerine hem-de hususy işewürligiň üstünliklerine beslenen her bir ýyl uly ähmiýete eýe bolýar. Şolardan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taryhy döreýär, esasy zat bolsa onuň agzalarynyň abraýydyr.

09.03.2018. 17-18-nji martda geçiriljek sergi hem-de maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde TSTB-nyň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalary gazanan üstünliklerini görkezerler.
Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde tutuş ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleri döredildi we olar üstünlikli işleýär. Bu kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.
TSTB-nyň agzalarynyň maslahatynda 10 ýylda birleşmäniň alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler, geljek üçin wezipelere garalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen hususy ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky çäreler belleniler.

www.tdh.gov.tm

HORMATLY TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ AGZALARY!
GADYRLY TÜRKMEN TELEKEÇILERI!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň ýigrimi müňe golaýyny birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi.

Bu şanly sene mynasybetli geçirilýän ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahaty ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

HORMATLY SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER!

Biz döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesini öňde goýýarys.

02.03.2018. Düýn paýtagtymyzda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi.
Eýranyň senagat toplumynyň gazananlarynyň her ýyl geçirilýän gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Türkmenistana Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygynda uly işewürler topary geldi.
Aşgabatda geçirilýän eýran harytlarynyň sergisi hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança hökmünde bilelikdäki işewürler maslahatynyň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mohammad Şariatmadariniň düýn geçirilen duşuşygynyň barşynda bellenildi. Iki goňşy döwletiň netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam bermäge meýillidigi nygtaldy.
Şu gezekki ykdysady gözden geçiriliş hem şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Bu sergi Eýranyň senagat toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Gözden geçiriliş hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi, onuň meýdançalarynda dürli ulgamlaryň hünärmenleriniň geňeşmeleri we gepleşikleri işjeň geçirilýär, işewür gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylýar.
Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjanda şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 65-siniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan söwda-ykdysady ulgamyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!