10.10.2018. Şu gün paýtagtymyzda nobatdaky Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly ХI halkara sergisi we maslahaty açyldy, ony ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy guradylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri pudaklaýyn forum ýurdumyzyň okgunly ösýän maglumatlar, telekommunikasiýalar tehnologiýalary hem-de teleradioýaýlym enjamlary pudagynyň gazananlaryny äşgär etmäge ýardam berer, şeýle hem bu ulgamda dünýäde iň täze işläp taýýarlamalary peýdalanmakda tejribe alyşmak üçin netijeli çärä öwrüler. Bu çärä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar, munuň özi dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan hem-de hyzmatdaşlyk üçin oňyn ýagdaýa eýe bolan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bilen şertlendirilendir.
Häzirki gözden geçirilişe dürli daşary ýurt döwlet pudaklaýyn düzümlerine wekilçilik edýän 20-den gowrak wekiliýetiň, dünýäniň esasy kompaniýalarynyň — önüm öndürijileriň we ýokary tehnologik enjamlaryny iberijileriň, öňdebaryjy tehnologiýa hyzmatlary işläp taýýarlaýjylaryň, aragatnaşygyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarynyň gatnaşýandygy munuň aýdyň güwäsidir.
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmentel — 2018» halkara forumynyň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, bilim edaralarynyň, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

GADYRLY MYHMANLAR!
HORMATLY ARAGATNAŞYK PUDAGYNYŇ IŞGÄRLERI!
Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapjakdygyňyza, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlejekdigiňize berk ynanýaryn.
Aragatnaşyk pudagyna häzirki zamanyň ösen, ýokary hilli tehnologiýalaryny we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, biz bu ugurda halkara guramalar we kompaniýalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýäris.

09.10.2018. Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirilýär.

Türkmenistana bu foruma gatnaşmak üçin 26 döwletiň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri geldiler. Has köp adamly wekiliýetler goňşy Özbegistandan hem-de Niderlandlardan geldi.

“Seýrana” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylmagy folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlaryň başyny başlady.

Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde syýahatçylyk pudagyna möhüm orun berip, özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berýär.

HORMATLY SERGÄ WE MASLAHATA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY JAHANKEŞDELER!

Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.

02.10.2018. Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ulgamyň baş forumynyň guramaçylary bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap maslahatyny geçirmekde baş maksat kitaplary çap etmek we çaphana, dünýäniň ähli halklarynyň toplan medeni we taryhy mirasynyň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty — Ýer ýüzüniň ähli gyzyklanýan döwletleri bilen parahatçylykly we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak strategiýasy netijesinde Türkmenistan ählumumy maglumat giňişligine okgunly girýär. Milli kitap çap etmek işiniň ýokary derejeliligi, poligrafiýa ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we maýa goýumlaryň çekilmegi hemişe kitabyň köp okalýan we ylma ýokary baha berilýän ýeri bolan biziň ýurdumyza öz neşir edýän dürli görnüşli edebiýat we beýleki çaphana önümleri bilen dünýäniň neşirýat bazarynyň işjeň gatnaşyjylarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!