14.08.2019. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýaalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdeleinde uly oňyn seslenme döretdi.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleri giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär.
Täzelikler neşirleri forumyň wekilçilikli derejesini nygtap, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we “Hazar bäşliginiň” hökümetleriniň baştutanlarynyň - Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gatnaşandygyny habar berýärler.
Şeýle hem bu çärelere Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar. RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisiniň hormatly myhmany boldy.

13.08.2019. Hormatly Prezidentimiziň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülýär. Düýpli gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslarynyň düýbüni tutýar.
Ine, bu gezek hem ýurdumyz döwletleriň köpüsi üçin örän wajyp we derwaýys meseleler boýunça uly wekilçilikli forumy guramak hem-de geçirmek wezipesini öz üstüne aldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, geljek üçin garaýyşlaryň — Hazar sebitiniň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň seljerilmegini talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine indi baha berler. Awgust aýynyň şu günlerinde Awazada geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar, gazanylan ylalaşyklar olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda giň gerime eýe bolar. Ýöne, häzirden forumyň taryhy waka bolandygyny ikirjiňlenmän tassyklamak bolar. Munuň özi diňe bir Hazar deňziniň sebitinde ýerleşýän bäş ýurda degişli däldir.

12.08.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar Halkara innowasion tehnologiýalar sergisine we “Türkmen sährasy - 2019” atly awtosergisine baryp gördüler.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň çägi giň gerimli sergi üçin meýdança boldy. Bu ýeri, öz nobatynda innowasiýalar sergileriniň iň iri “desgasy” hasaplanyp bilner. Deňiz kenarynda onuň abadanlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inžener çözgütler, gurnama we tehnologik işläp taýýarlamalar jemlenipdir. Dagyň etegindäki port reňkli aýnalar we altyn öwüşginli bezegler bilen lowurdaýan, nusgawy binagärlik bilen tapawutlanýan bezegli ajaýyp şäherçe bolup görünýär. Deňiz tarapdan bolsa port kranlarynyň kuwwatly gurnamalaryna beslenen ajaýyp senagat görnüşi açylýar.
Sergini gözden geçirilişiň başlanmagynyň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlaryň ünsi halkyň tans däp-dessurlaryny we tansyň häzirki zaman görnüşlerini özünde jemleýän ajaýyp sahna gurluşynyň öwüşgininde baýramçylyk aýdymyny ýerine ýetirýän folklor toparlarynyň çykyşlaryna çekildi. Umuman aýdanyňda şadyýan saz, türkmen artistleriniň owadan milli eşikleri Forumyň we onuň çäreleriniň işjeň durmuşyna aýdyň öwüşginleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz we hökümetleriň ýolbaşçylary innowasion tehnologiýalar sergisine bardylar. Serginiň ilkinji iş gününiň görkezişi ýaly, bu ýeri pikir alyşmalar, teklipleri öňe sürmeler, işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk arabaglanyşyklaryny ýola goýmak üçin örän netijeli uly meýdança öwrüldi.

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde guraldy. Sergilere gatnaşyjylar hazarýaka ýurtlarynyň milli stendleri, ulag senagatynyň iň täze gazananlary we ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýetilen belent sepgitler bilen ýakyndan tanyşdylar.

www.mfa.gov.tm

Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär.
Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr.
Çap edilen makala diňe bir Hazarda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin özboluşly platforma boljak bu Foruma bagyşlanan bolman, eýsem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň ösüşiniň hemmetaraplaýyn beýanyny hem özünde jemleýändir.
Neşiriň bu sany ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de döwletimiziň ulag, energetika we innowasiýalar ýaly ulgamlarda gazanan ýokary ösüşleri bilen birlikde Türkmenistanyň Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine degişlilikdäki mümkinçiliklerini hem doly beýan edýändir.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!