15.12.2018. Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen sergileriň önümleriň dürli görnüşlerini görkezmek, täze işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary alyşmak üçin hem amatly şertleri döredýär diýip belleýär. Türk harytlarynyň sergisi açylmazyndan ozal hünärmenler, nobatdaky forumyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we işewür hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýtdylar.

Sergä gatnaşmak üçin paýtagtymyza Türkiýäniň döwlet düzümleriniň 70-den gowrak kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýolbaşçylaryndan, hünärmenlerinden hem-de wekillerinden ybarat bolan wekil geldi. Olar ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.

Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň agramly bölegi Türkmenistanda öz mümkinçiliklerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny beýan etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň önümleridir. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köptaraply ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

06.12.2018. Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat açyldy.

Türkmenistanda halkara bilermenleriň maslahatyny geçirmek baradaky pikir ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ösýän hyzmatdaşlygyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy. Abraýly halkara guramasy bolan ÝUNESKO BMG-niň möhüm düzümidir hem-de bilim, medeniýet, ylym we maglumat ulgamynda giň hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylyk hem-de ählumumy howpsuzlyk işine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň netijesinde birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna türkmen topragynyň taryhynyň beýikdigine şaýatlyk edýän iri taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý galalary girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ençeme tebigy desgalary, şol sanda dünýäniň bu abraýly sanawyna girizilmäge dalaş edýän Garagum sährasy hem-de iri şäher toplumlary öwrenilýär.

Bu gün ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyga halklaryň özara düşünişmegini saklamak, olaryň syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmegine oňaýly ýagdaýlary döretmek üçin möhüm gural hökmünde dünýäde akyl ýetirilendir.

04.12.2018. Şu gün paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi importuň ornuny tutýan bölümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak we berkitmek mümkinçilikleri bilen özüne çekýär. häzir ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleri netijesinde köp pudaklarda, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda uly ösüşlere eýe bolýar.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasion ýoluna düşmeginde, senagatyň täze ugurlaryny höweslendirmegiň hasabyna pudagy ösdürmekde möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça geçirýän syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýerlerde importuň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar.

Kairde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge alnan ugruň jähtinden Müsür Arap Respublikasy bilen ýakyn we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
Bu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň işine iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň işjeň guraly hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Aşgabatda 6-7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahata taýýarlyk görülýär.
Türkmenistan bilen ynsanperwer-medeni ulgamda ýöriteleşen bu abraýly guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de «Görogly» şadessany girizildi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de «Bathyz» döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!