2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň möhümligi barada pikir alyşdylar.
Hususan-da, Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020”-de gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň geljekde berkemegine goşant goşman, eýsem dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy we türkmen halkynyň baý medeniýetini görkezjekdigi barada bellediler.
“EKSPO-2020” halkara sergisini Dubaýda geçirmek çözgüdiniň 2013-nji ýylda Sergileriň Halkara býurosynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edilendigini bellemek zerurdyr.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!