Italiýanyň Milan şäheriniň “Rosa Grande Hotel” myhmanhanasynda 6-njy noýabrda türkmen-italýan işewürlik forumy geçiriler.
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde “ITA” agentligi tarapyndan guralýan bu çärede ençeme ýokary wekilçilikli toparlar jemlener. Şeýle hem hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça birnäçe telekeçiniň gatnaşmagyna garaşylýan forumda söwda-senagat ugry boýunça italiýaly hyzmatdaşlar bilen pikir alyşmaga mümkinçilik dörär.
Iki ýurduň işewürleriniň arasynda, esasan-da, energiýa, himiýa, dokmaçylyk we deri önümçiligi pudagy hem-de oba hojalyk, infrastruktura we gurluşyk ugurlary boýunça gepleşikler geçiriler.
Forumyň açylyşynda “ITA”-niň baş direktory Roberto Luongo, “Lombardiýa” etrabynyň wise-prezidenti Fabrisio Zala, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow çykyş eder.
Forumyň çäklerinde dürli ylalaşyklara gol çekişlik dabarasy hem gurnalar. Şeýle hem dürli pudaklaryň arasynda aýratynlykda tegelek stol geçiriler.
Türkmen-italýan işewürlik forumy geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilipdi.

www.business.com.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!