2019-njy ýylyň iýul aýynyň 28-30-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Türkiýäniň palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisi, Ýerine ýetiriji komitetiň, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Söwda-senagat palatalarynyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine YHG-syna agza ýurtlaryň Söwda-senagat palatalaryndan we Türkiýäniň hususy we döwlet sektorlaryndan wekiller gatnaşdylar. Onuň dowamynda YHG-syna agza ýurtlaryň Söwda-senagat palatalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi we bilelikde çäreler geçirildi.
Türkmen tarapy Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylary we wekilleri «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy hem-de 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek Birinji Hazar Ykdysady forumy, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda geçiriljek Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi bilen tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.
Mejlise gatnaşyjylar Hazar sebitine, esasan hem «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyna uly gyzyklanma bildirdiler. Sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde bu çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Bu forum we sergiler diňe bir Hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem, ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlaryň işewürleriniň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmakda netijeli meýdança öwrüler.

www.cci.gov.tm.
(Rus dilinden terjime eden Miwe Nabatowa)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!