2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gurajak Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisiniň ýokary derejede geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ägirt giň möçberli halkara sergilerine Hazarýaka sebitleriniň ýurtlary bilen birlikde, daşary döwletleriň ençemesinden milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gelmegine garaşylýar. Dünýäniň ençeme döwletlerinden bu sergileri görmäge, Türkmenistanyň innowasiýa we ulag ulgamynda gazananalary bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän iş adamlaryna, işewür hyzmatdaşlara bu sergilere gatnaşmaklary üçin uly mümkinçilikler dörediler.
Türkmenbaşy deňiz portunyň çägindäki ägirt giň sergi meýdançalarynda dünýäniň iň soňky gazananlary esasynda gurnalan pawilýonlardaky bezeg işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär. Bezegli diwarlyklar, mahabatly manitorlar her bir kompaniýanyň özboluşly işleri hakynda giňişleýin gürrüň berer. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber aladalary esasynda bu giň möçberli sergileriň gurnama işlerinde iň soňky innowasiýon çözgütleriň ulanylmagy onuň esasy aýratynlygydyr.
Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi Türkmenistanda mundan beýläk hem daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen işlere aýtratyn üns beriljekdiginiň, özüne çekiji we özara bähbitli taslamalaryň, aýratyn hem innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň hemişe goldanyljakdygynyň subutnamasy hökmünde ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlyga giň mümkinçilik döredilýändigine aýdyň şaýatlyk eder.
«Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi hem Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi bilen bilelikde Türkmenbaşy deňiz portunyň çägindäki iri sergileri guramaga niýetlenen binada ýaýbaňlandyrylar. Bu serginiň pawilýonlarynda ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini dünýä açyp görkezmäge niýetlenen mahabatly diwarlyklar ýerleşdiriler.
Sebit hem halkara derejede ykdysady, syýasy gatnaşyklary kämilleşdirmek babatda Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýurdumyz üçin möhüm strategik ugurlaryň biridir. Bu ugur Hazarýaka döwletleriň dünýä bazarlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi. «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze tapgyrlara çykmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Şeýle hem bu giň möçberli sergileriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň, işewürler maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu duşuşyklardyr maslahatlarda özara pikirleriň paýlaşylmagyna we tejribeleriň alşylmagyna garaşylýar.

www.cci.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!