Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek 1-nji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ylmy-tehniki gazananlaryny açyp görkezjek giň möçberli halkara sergileriň birbada ikisi guralar. 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gurajak bu halkara sergilerine diňe bir Hazarýaka sebitleriniň ýurtlary däl, eýsem daşary döwletleriň onlarçasyndan milli we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşarlar.
Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi hem, «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi hem Türkmenbaşy deňiz portunyň çägindäki iri sergileri guramaga niýetlenen giň we ýagty binada ýaýbaňlandyrylar. Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi üçin 946 inedördül metr, daşary ýurt kompaniýalary üçin hem jemi 1200 inedördül metr meýdan bölünip berildi.
Bu sergide ylym we tehnologiýalar ulgamynda soňky işläp taýýarlamalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilen hem-de geljege niýetlenen, şol sanda ýokary tehnologiýaly önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen innowasion taslamalar görkeziler. Bu serginiň bezeg işlerinde, innowasion çözgütleriň giňden ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
«Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi gadymy döwürlerde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini dünýä açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Bu giň möçberli çärelere az wagt galdy. Häzirki wagtda dürli enjamlaryň ýerleşdirilmegi, podiýumlaryň gurulmagy, maketleriň dikeldilmegi we ýörite yşyklandyrma işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

www.cci.gov.tm