Aşgabatda halkara sergileriň iri guramaçylarynyň biri bolan «Messe Frankfurtyň» resmi wekilhanasy açyldy. Bu kompaniýa ştab-kwartiralary ýerleşýän Maýn boýundaky Frankfurtda her ýylda 150-ä golaý söwda ýarmarkalaryny, şeýle hem Berlinde we dünýäniň beýleki köp şäherlerinde sergilerini guraýar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Margeret Ýubberiň bellemegine görä, Meşhur Frankfurt ýarmarkasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarar. Esasan hem bu gurama Türkmenistanda täze işe girişen telekeçiler üçin uly mümkinçilikleri açar. Sebäbi öz önümçilikleriniň öňe gitmegi we dünýäniň haryt dolanyşygynyň haýsydyr bir pudagy bilen tanyşmagy üçin «Messe Frankfurt» ýer we wagt üçin uly mümkinçilikleri açar. Sebäbi türkmen kompaniýalarynyň agramly bölegi eksport maksatlydyr. Şeýlelikde, halkara sergi meýdançalaryna çykylmagy, ädilmeli aýgytly ädimdir.
─ Biziň senagat ulgamyndaky uly tejribämiz köpleriň öz maksatlaryna ýetmegine kömek edýär ─ diýip, «Messe Frankfurtyň» fransuz wekilhanasynyň prezidenti Maýkl Şerp belledi.
Diňe bir «Messe Frankfurtyň» sergilerine däl, eýsem, maslahatlara, kongreslere we beýleki çärelere Türkmenistandan telekeçileriň gatnaşmagy dünýäniň ähli künjeklerinden hyzmatdaşlary çekmäge kömek eder.

Materiýaly «www.orient.tm» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.